Sepleriň elýeterliligi

Obama Estoniýa ýeke galmaz diýýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ABŞ-nyň Baltiýanyň regional howpsuzlygyna ýardam berjegine Estoniýa wada berdi we ABŞ-nyň NATO-nyň islendik agzasyny hüjümden goramak borjuny “gyşarnyksyz” ýerine ýetirjegini aýtdy.

Obama Estoniýanyň prezidenti Toomas Hendrik Ilwes bilen bilelikde 3-nji sentýabrda Tallinnde geçirilen metbugat-konferensiýasynda Orsýetiň “Ukraina garşy agressiýasy” barada gepledi we “Estoniýa hiç wagtda ýeke galmaz” diýdi.

Şeýle-de Obama Orsýetiň Ukrainanyň gündogaryndaky roly “bize NATO-nyň goranmak ukybyny täzelemäge we güýçlendirmäge mümkinçilik berýär” diýdi.

Estoniýanyň prezidenti Ukrainanyň gündogaryndaky konflikti “Orsýetiň agressiýasy” diýip atlandyrdy we öz ýurdunda NATO-nyň berk we açyk ornaşmagynyň zerurlygyny nygtady.

XS
SM
MD
LG