Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Aşgabat: Rozenblum ABŞ-nyň partnýorlary bilen duşuşar


ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary Daniel Rozenblum Türkmenistana sapar edýär.

ABŞ-nyň Merkezi Aziýa döwletleri boýunça syýasatyna kuratorlyk edýän Rozenblumyň 4-nji sentýabrda başlanýan üç günlük bu saparynyň dowamynda onuň Türkmenistanyň hökümet agzalary bilen ikitaraplaýyn we halkara meseleleriniň ençemesi boýunça maslahat geçirjegi, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň beýleki partnýorlary bilen duşuşjakdygy, şeýle-de türkmen hökümetiniň gurnan transport boýunça halkara konferensiýasyna gatnaşjakdygy aýdylýar.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi maglumatyna görä, Rozenblum 5-nji sentýabrda ilçihananyň Informasion-resurs merkezinde žurnalistleriň soraglaryna jogap berer.

XS
SM
MD
LG