Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda 910 söweşiji öldürilipdir


Pakistanyň harbylary Al-Kaýda bilen bagly söweşijilere garşy bir aýyň dowamynda amala aşyran hüjümlerinde azyndan 910 söweşijiniň öldürilendigini aýtdylar.

Şeýle-de harbylaryň 3-nji sentýabrda aýtmagyna görä, iýun aýynda Pakistanyň Demirgazyk Waziristan regionynda “Tehreek-e-Taliban” guramasynyň we beýleki söweşiji toparlaryň garşysyna amala aşyrylan operasiýalaryň netijesinde 82 esger öldürilipdir we 269 harby ýaraly bolupdyr.

Söweşler bu regionyň daşynda hem boldy. Howadan zarbalar, artilleriýa, mina atyjy ýaraglar we guryýer goşunlar Demirgazyk Waziristan regionynda bolan söweşlerde ulanyldy.

Harbylar Miranşah we Mir Ali atly esasy şäherleriň we etrabyň üstünden geçýän esasy ýoluň häzir söweşijilerden boşadylandygyny aýtdylar, emma parahat ilatyň arasyndaky ýitgiler barada maglumat bermediler.

XS
SM
MD
LG