Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: "Atyşygy kesmek ylalaşyldy"


Petro Poroshenko we Wladimir Putin

Petro Poroshenko we Wladimir Putin

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň edarasy 3-nji sentýabrda Poroşenko bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň gündogar Ukrainada, orsýetçi separatistler bilen hökümet güýçleriniň söweşýän ýerinde «ok atyşygy hemişelik kesmek» barada ylalaşyga gelendiklerini aýdýar. Bu konfliktde aprelden bäri 2600-den gowrak adam öldürildi.

Poroşenkonyň websaýtyndaky beýanatda onuň metbugat gullugy bu ylalaşyga Putin bilen edilen telefon gürrüňinde gelnendigini aýtdy.

"Gepleşigiň netijesinde Donbasda atyşygy hemişelik kesmeklik barada ylalaşyk gazanyldy" diýip, beýanatda günorta-gündogar Ukrainada, pitneçileriň iki welaýat paýtagtyny we başga territoriýalary elde saklaýan ýeri nazara alnyp aýdylýar.

Parahatçylygy ýola goýmak üçin

Şeýle-de benýanatda "Parahatçylygy ýola goýmak çärelerini çaltlandyrmak babatynda özara ylalaşyk gazanyldy" diýilýär.

Bu beýanat Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow rus habar gulluklaryna Putin bilen Poroşenko telefonda Ukrainadaky krizisi ara alyp maslahatlaşdy we olaryň ýagdaýdan çykalga baradaky garaýyşlary «esli derejede gabat geldi» diýeninden gysga wagt soň çap edildi.

Ol habarlarda atyşygy kesmek ylalaşygy barada hiç bir zat ýaňzydylmady.

Bu habarlar gündogar Ukrainada söweşiň dowam edýän mahaly, şol ibr wagtda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň Estoniýada, Putiniň niýetlerinden ünjä galýan NATO ýaranlaryna goldaw görkezip, Baltika ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşýan wagtynda ýaýrady.

Bu duşuşygyň yzysüre, 4-5-nji sentýabrda Weýlsde geçjek NATO sammitinde hem Ukrainadaky krizisiň esasy mesele bolmagy mümkin. Mundan başga, Ýewropa Bileleşigi hem Orsýete garşy täze goşmaça sanksiýalary girizmek mümkinçiligini maslahatlaşýar. Kiýew we Günbatar hökümetleri Orsýeti gündogar Ukraina goşun ibermekde günäleýär. Orsýet muny ret edýär.

Putin bilen Poroşenko geçen hepde Minskde geçen ýüzbe-ýüz duşuşykda konflikti soňlamak boýunça görnetin bir progres gazanmady, emma Orsýetiň, Ukrainanyň wekilleri 1-nji sentýabrda belarus paýtagtynda duşuşdylar we şu hepdäniň dowamynda ýene duşuşmaklary mümkin.

"Separatistler rus ýaragyndan güýçlendi"

Separatistler geçen aý ýeňlişe golaý geldiler, emma ýakynda gaýtadan güýçlendiler we Azow deňziniň boýundaky serhete golaý şäheri öz kontrollaryna aldylar, hökümet goşunlaryny Luhanskiň daşyndaky aeroportdan gysyp çykardylar.

Ukrain hökümeti separatistleriň güýçlenmesini olara rus esgerleriniň we ýaraglarynyň beren kuwwaty bilen baglanyşdyrýar, NATO hem geçen hepde özüniň Ukrainada müňden gowrak rus esgeriniň bardygyna ynanýandygyny aýtdy.

Orsýet Ukraina esger we ýarag iberendigini ret edýär.

ABŞ-nyň pozisiýasy

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi, Moskwanyň mart aýynda Krymy Ukrainadan anneksiýa edenligi hem-de günorta-gündogardaky roly sebäpli, Orsýete garşy sanksiýalar tapgyryny girizdi.

NATO liderleriniň hem şu hepde geçjek sammitde çalasyn hereket etmäge ukyply we Orsýetiň serhetlerine golaýda ýerleşdirilip biljek goşunyň döredilýändigini yglan etmegine garaşylýar.

Obamanyň sözçüsi onuň 3-nji sentýabrda Tallinde geçiren duşuşyklarynyň Birleşen Ştatlaryň NATO-daky baltika döwletlerine ygrarlydygyny nygtaýandygyny aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, baltika döwletleri goňşy Orsýetiň öz ýurtlaryna wehim salmagyndan alada galýarlar.

Obama 3-nji sentýabr agşamy Britaniýa, Weýlesde geçjek NATO sammitine ugraýar.

XS
SM
MD
LG