Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Yslam döwletiniň” Orsýete haýbat atandygy aýdylýar


Orsýetiň mediasynyň maglumatlarynda “Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň internetde ýerleşdirilen wideo arkaly Çeçenistanda we Orsýetiň esasan musulman ilatly Demirgazyk Kawkaz regionynda urşa başlamagy haýbat atandygy barada habar berildi.

Orsýet mediasynyň aýtmagyna görä, ors diline terjime edilen bu wideo Saud Arabystanynyň maliýeleşdirýän “Al-Arabiýa” satellit telewideniýesinde görkezilipdir.

Orsýetiň NTW telekanaly öz maglumatynda, wideodan alnan bölekleri görkezdi. Wideo ýazgyda Siriýanyň demirgazygynda söweşijileriň basyp alan harby uçarynyň içinde gepläp oturan söweşijini görkezildi.

NTW bu adamyň söweşijileriň Çeçenistany we Kawkazy “hudaýyň emri bilen” “azat etmegi” planlaşdyrýandygy barada aýdandygyny belledi . Habar berilişine görä, şeýle-de söweşijiler öz hüjümlerinde harby uçarlary ulanyp başlajakdygyny aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG