Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Ýokary sud tussagyň arzyny ret etdi


Gyrgyzystanyň Ýokary sudy 3-nji sentýabrda tussaglykdaky adam hukuklaryny goraýjy aktiwistiň özüne garşy gozgalan işe gaýtadan garamak barada eden arzasyny ret etdi.

Gyrgyzystanyň özbek milletli raýaty Azimjan Askarow ömürlik türme tussaglygynda saklanýar. Ol 2010-njy ýylda Gyrgyzystanyň günortasynda özbekleriň we gyrgyzlaryň arasynda bolan gandöküşikli çaknyşyklaryň guramaçylygyna gatnaşmakda we şol wakada polisiýa işgärini öldürmekde günäli tapyldy.

Şol çaknyşyklarda 450-den gowrak adam, esasan etnik özbekler wepat boldy. Askarow özüniň bigünädigini aýdýar we tussag edilmegine adam hukuklaryny goramak boýunça alyp baran işleriniň sebäp bolandygyny aýdýar.

Şu ýylyň başynda Bişkegiň etrap sudy Askarowyň işine gaýtadan garamak barada karar çykardy we onuň günäsini subut edýän ýeterlik delilleriň ýokdugyny aýtdy. Muňa garamazdan Bişkegiň şäher sudy bu karary ýatyrdy we Askarowyň aklawçysyny Ýokary suda ýüzlenmäge mejbur etdi.

XS
SM
MD
LG