Sepleriň elýeterliligi

BMG: Eýran Bahai toparyny goramaly


BMG-niň Eýranda adam hukuklary, dini azatlyklar we azlyklaryň meselesi boýunça bilermenleri Eýranyň hökümetini Bahai dini toparynyň gonamçylygyny ýumurmagy bes etmäge çagyrdylar.

Eýranyň Rewolýusion Gwardiýasy Pars welaýatynyň paýtagty Şirazda Bahai dinçileriniň gonamçylygynyň ýerinde sport merkezini gurmak planyna gol çekdi.
Aprel aýynda geçirilen başlangyç işleriniň netijesinde merhumlaryň gazylyp çykarylan galyndylarynyň golaýdaky ýapda gömülendigi aýdylýar.

BMG-niň Din azatlygy boýunça ýörite hasabatçysy Heiner Bielefeldt 4-nji sentýabrda çap eden beýannamasynda “gonamçylyklara edilýän hüjümler ýol berilmesiz” we “din azatlygynyň bilkastlaýyn bozulmagydyr” diýdi.

Dini azlyklaryň meselesi boýunça ýörite wekil Rita Izsak Eýranyň hökümetini ýurtda Bahai we azlykdaky beýleki toparlary goramak üçin takyk ädimleri ätmäge ündedi.

XS
SM
MD
LG