Sepleriň elýeterliligi

“Talyban” Ghaznide hüjüm amala aşyrdy


“Talybanyň” Owganystanyň gündogarynda hökümet edaralarynyň ýerleşýän ýerine zarba urmagy zerarly 12 adam wepat boldy we onlarça adam ýaralandy.

4-nji sentýabrda daňdan başlanan hüjümiň başynda söweşijiler Ghazni şäherinde Howpsuzlyk edarasynyň milli müdiriýetiniň öňünde azyndan bir sany içi bombaly ýük maşyny partlatdylar. Hüjüm soň eli awtomatly we granata atyjy ýaragly 20 çemesi söweşijiniň gatnaşmagynda dowam etdirildi.

Howpsuzlyk güýçleriniň we resmileriniň söweşijilere garşy amala aşyran ok atyşygynda ähli söweşijiniň öldürilendigi barada habar berilýär.

Ghazniniň häkimi Musa Han Akbarzada şäheriň kitaphanasynyň we iki muzeýiniň hüjüm zerarly ýumrulandygyny aýtdy.

“Talyban” hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG