Sepleriň elýeterliligi

Lawrow ok-atyşygy bes etmek planyna eýermäge ündedi


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainany we orsýetçi gozgalaňçylary Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ok atyşygy bes etmek baradaky çagyryşyna üns bermäge we özara konfliktini bes etmäge ündedi.

Putiniň ok atyşygy bes etmek boýunça 3-nji sentýabrda öňe süren planyna görä separatistler hüjümlerini bes etmeli we hökümet güýçleri top oklary parahat ýaşaýjylara howp döredip biljek ýerlerden öz goşunlaryny çykarmaly.

"Biz öz çagyryşlarymyzyň, ilkinji nobatda, Kiýewde, Luhanskda we Donetskde eşidiljegine umyt baglaýarys” diýip Lawrow Moskwada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Ilkka Kanerwa bilen duşuşygynda aýtdy.

Şeýle-de Lawrow “Biz ÝHHG bilen garşylykdaky toparlaryň durnuklylyga tarap praktiki ädimleri ätmegine ýardam bermek üçin kontakt toparynyň çäginde işleşmäge taýýar” diýdi.

XS
SM
MD
LG