Sepleriň elýeterliligi

Sungat – jemgyýetiň ahlagy


Poeziýa

Poeziýa

Sungat medeniýetiň ösen görnüşi ýa-da medeniýetiň döredijilikli bölegi saýylýar. Medeniýet bolsa Adam atanyň nesillerini haýwandan parhlandyrýan esasy şertleriň biridir.

Sungatyň zerurlygy

Tebigatda adam hem haýwan deň derejede bolýar. Soňlugy bilen adam öz gazanan medeniýeti arkaly haýwandan tapawutlanyp başlaýar.

Adam iň irki durmuşynda gowaklarda ýaşapdyr. Biziň topragymyzda adamlaryň gaty irki zamanda gowakda ýaşan yzlaryny alymlar Uly Balkandaky Damdam çeşmäniň töwereginden tapdylar.

Adam gowakda ýaşan döwründen, medeniýeti özüne taý edinipdir. Olar öz ýaşaýan gowagyny tertibe salypdyrlar. Ol ýerde mümkin bolan amatlygy döredipdirler. Arassaçylyga hem tertibe üns beripdirler. Gowak daşlaryna surat çekip yz galdyrypdyrlar. Aýyň, günüň hasabyny ýöredipdirler.

Öňki Gyzyletrek, häzirki Etrek etrabynda gowak daşlaryna çekilen şekilleriň şu günlere çenli saklanyp galandygyny sungaty öwrejiler mälim edipdi.

Şeýlekikde, medeniýet adamy haýwanlykdan bölüp aýrypdyr. Ol näçe medeniýetli boldugyça, şonça-da haýwandan ara açypdyr. Munuň üçin ol sungaty öz durmuşyna ornaşdyryp başlapdyr. F. Gengel sungaty adamzadyň ilkinji mugallymy hasaplapdy.

Özen

Kulturolog alymlar hem filosoflar medeniýeti adamçylyk derejesiniň özeni saýýarlar. Sebäbi adam adamçylyk häsiýetlerini tebigatdan ötri köplenç medeniýetden alýar. Medeniýet, şol medeniýet esasynda kemala gelen sungat adamzadyň ynsanlyk derejesini kesgitleýär hem ahlagy ösdürýär. Adam gazanan medeniýeti arkaly kimdir biri bolup bilýär.

Medeniýeti adam döredeni üçin, ol umumy adamzada degişli saýylýar. Jemgyýetden üzňe aýratyn adamyň bolmaýşy ýaly, aýratyn bir medeniýet hem bolup bilmez.

Başgaça aýdylanda, medeniýet serhedi bilmeýär ýa-da medeniýet soňky döredilen serhedi, häkimler hem hökümdarlar tarapyndan emele getirilen araçägi ret edýär.

Guşlaryň serhede parh goýmaýşy ýaly, adam höwesi, adam pikiri hem çäksiz giňişlige ýaýraýar. Şonuň üçin halklar arasynda meňzeş däp-dessurlar, meňzeş rowaýarlar ýa-da aýdym-saz döreýär.

Elbetde, her medeniýet öz ýerli şertlerine laýyklykda kämilleşýär. Şeýlelikde, medeniýet özüne milli aýratynlyklary siňdirýär. Adam bolsa köplenç halatda belli bir milli medeniýetiň çäginde durman, ynsanlyk derejesini ösdürmegiň hatyrasyna islendik medeniýetden peýdalanýar.

Harjy

Adamlar öz medeniýetini ýokarlandyrmak ugrunda wagtyny, baýlygyny hem beýleki mümkinçiliklerini harç edýär. Ýadyňyzda bolsa ýazyjy Nurmyrat Saryhanow Magtymgulynyň kitabyny düýe berip, satyn alan türkmen barada ajaýyp hekaýa döredipdi.

Ir döwürde bolşy ýaly, ol däp häzirki günlerde-de dowam edýär. Adamlar kitap satyn alýarlar; radiodyr telewizor edinýärler. Olar dürli konsertlere we kinolara tomaşa barýarlar, bagşydyr aýdymçylary diňlemek üçin, pul harçlaýarlar. Sebäbi öz medeniýetini dürli taraplaýyn ösdürmek isleýärler.

Gapyllyk hem aýdyňlyk

Beýik sazanda Mylly Täçmyrat bilen baglanyşykly şeýle gürrüň aýdylýar.

Edepsiziň biri Mylly aganyň garşysynda durup:

– Men saza düşünemok-da, Mylly kaka – diýipdir.

Mylly aga oňa gynanyp:

– Aý, inim, betbagtlyk her dürli bolýandyr – diýýär.

Hakykatdanam, Mylly aga şeýle diýipmi? Sebäbi aşa sypaýy hem adam göwnüne degmegi başarmaýan Mylly aga beýle kesgin söz aýdyp bilendir diýmek kyn. Eger aýdaýanam bolsa, adamçylyk nukdaýnazaryndan aýdandyr.

Medeniýetsiz bolmak – haýwan derejesine düşmek. Magtymgulynyň beýik pähimlerinden biri Gapyl bolma adamzat diýen öwütdir.

Jemgyýet hem sungat

Sungat jemgyýetiň ahlagy saýylansoň, ol jemgyýet bilen baglanyşykly ösýär. Biz öz taryhymyza seretsek, XV111 asyrda Nerdir şanyň ölüminden soň milli bölünişikler emele gelen döwürde, türkmen halkynda aýratyn ruhy ýokary göteriliş başlanypdyr. Şol döwürde türkem edebiýaty örän güýçli ösüpdir. Bu ösüş taryhçylary hem edebiýat alymlaryny häzire çenli-de haýran galdyrýar.

X1X asyryň ikinji ýarymyndaky harby ýeňişler hem ýeňlişler aýdym-saz sungatynyň ösmegine, ýagny milli medeniýetiň çuňlaşmagyna aýratyn itergi beripdir.

Netijede, jemgyýetçilik pikiri nä derejede ösen bolsa, jemgyýetçilik ahlagy-da şol derejede bolýar. Jemgyýetçilik pikiri ösüp başlanynda, onuň sungaty ýokarlanýar. Sebäbi sungat adam ahlagynyň kämilleşmegine ýardam edýär.

Görnükli nemes dramaturgy hem režisýory Bertolt Breht: “Eger döwrüň – zamananyň uly maksady bolmasa, uly sungat döremez” diýipdi.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG