Sepleriň elýeterliligi

Aşgabadyň awtoulag gadagançylyklary


Türkmenistana daşyndan diňe 2009-njy ýyldan bärde öndürilen awtoulaglary getirip bolýar.

Türkmenistana daşyndan diňe 2009-njy ýyldan bärde öndürilen awtoulaglary getirip bolýar.

Şu ýylyň iýul aýynyň ahyrynda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy (PÝGG) paýtagtdaky hususy awtoulaglaryň tekerlerine dakylan gara reňkli diskleri gadagan etdi. Ýol gözegçilik inspektorlary Aşgabadyň köçelerinde bu hili diskli awtoulaglary saklap, olary jerime awtoduralgasyna iberip, jerime salýardylar.

Bu çärä hatda zawoddan çykanda tekerlerine gara reňkli disk dakylan ulaglar-da duçar boldy. Netijesinde şol gara diskli ulaglaryň eýeleri olary çalşyrmaga mejbur edildiler.

Mundan başga-da gara diskleriň gadagançylygy bilen bir hatarda “Toýota” awtoulaglarynyň “Kemri”, “Korolla” ýaly görnüşleriniň yzky we öňündäki bamperleriniň zawoddan çykanda goýlan spoýleri gadagan edildi. Sürüjileriň awtoulaglarynyň aýnalaryna goýýan günden goraýan gara torlary hem aýrylmaly edildi. Aýdylyşyna görä, bu girizilen gadagançylyklara boýun bolmadyklaryň awtoulaglary hem jerime awtoduralgasynda goýlup, olara jerime salnypdyr.

PÝGG inspektorlary köplenç ýagdaýda sürüjilere çäklendirmeler barada goşmaça düşündiriş bermeýärler.

PÝGG inspektorlary köplenç ýagdaýda sürüjilere çäklendirmeler barada goşmaça düşündiriş bermeýärler.

Awtoulaglaryň daş keşbi bilen bagly iýul aýynyň ahyrynda girizilen bu gadagançylyklaryň sebäpleri ýa-da bu çäreleriň amala aşyrylýan möhletleri barada resmi taýdan takyk maglumat tapmak başartmady. PÝGG inspektorlary hem sürüjilere bu buýrugyň ýokardan gelendigini, şeýle-de goşmaça düşündiriş bermän, sürüjileriň muňa boýun bolmalydygyny, ýogsa-da jerime salynjakdygyny duýdurýarlar.

Adynyň efirde tutulmagyny islemedik PÝGG işgäriniň aýtmagyna görä, häzir bir aý mundan öň girizilen ýokardaky gadagançylyklar belli bir derejede gowşadylyp, olar aradan aýrylypdyr. Emma, bu maglumaty, şeýle-de iýul aýynda girizilen gadagançylyk baradaky maglumaty başga resmi çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

Aýnalar

Iýul aýynyň ahyrynda girizilen gadagançylyklar ýurtdaky hususy awtoulaglar babatynda girizilen gadagançylyklaryň diňe käbiri. 2012-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda “Leksus” kysymly awtoulaglaryň garaňkyradylan aýnalarynyň bolmaly däldigi barada şol awtoulaglaryň eýelerine PÝGG işgärleri tarapyndan duýduryş berildi.

“Leksus” awtoulaglarynyň şol garaňkyradylan aýnalarynyň zawoddan çykanda goýulýandygyna garamazdan, sürüjilere öz ulaglaryndaky şol aýnalar aýyrdyldy. “Leksus” awtoulaglaryň eýeleri şol gezek hem awtoulaglaryň aýnalarynyň garaňkyradylmagyny gadagan edýän hiç hili resminamanyň görkezilmeýändigini aýdýardylar.

Nomerler

Şeýle-de, awtoulaglaryň awtosürüjileriň arasynda “owadan” nomerler hasaplanýan nomerler hem-de nomerleriň 04 ýa-da 05 ýaly sanlar bilen başlanýan hususy awtoulaglaryň nomerleri hem çalşyldy. 2010-njy ýyldan başlap awtoulaglaryň “ksenon” yşyklary-da gadagan edildi. Hatda awtoulaga zawodda goýlan bu hili yşyklandyryjylar hem gadagan edildi. Şeýle-de awtoulaglar-da “bass-boçka” diýlip atlandyrylýan ses batlandyryjy enjamlary hem gadagan edildi. Häzirem awtoulaglardan bu hili enjamlar aýyrdylýar.

Häkimiýetler tarapyndan awtoulaglaryň daş keşbine uly üns berilýändiginiň ýene-de bir mysaly paýtagtda hapa awtoulagy sürmek gadagan.

Ýeri gelende aýtsak, köplenç halatda sürüjiler girizilýän gadagançylyklar barada resmi dokumentleri talap edenlerinde, olara degişli dokumentler we düzgünnamalar görkezilmeýär.

Ýyl çäklendirmeleri

Şol bir wagtda hem awtoulag babatynda girizilýän gadagançylyklar diňe bir olaryň daş keşbi bilen bagly bolman, eýsem käbir görnüşli awtoulaglaryň ýurda getirilmegi ýa-da satylmagy hem gadagan edilýän halatlary bar.

Mysal üçin, ýurda köne awtoulaglary getirmeklige eýýäm birnäçe gezek çäklendirilmeler girizlipdi. Ilkibaşda Nyýazow döwründe çep rully awtoulaglary getirmeklik gadagan edilen bolsa, 2013-nji ýylyň 1-nji martyndan ýurda getirilýän awtoulaglaryň zawoddan goýberilen senesiniň 5 ýyldan köp bolmaly däldigi barada karar kabul edildi. Bu karara laýyklykda, häzir Türkmenistana daşyndan diňe 2009-njy ýyldan bärde öndürilen awtoulaglary getirip bolýar.

Mundan başga-da, 2011-nji ýylyň 16-njy iýunynda merkezi gazetlerde çap edilen awtoulag serişdelerini, motosiklleri, traktorlary hem-de ýörite ulaglary, tehnikalary Türkmenistanyň çäklerine goýbermegiň tertibine laýyklykda, ýokary tizlikli sport awtoulaglaryny hem-de hereketlendirijisiniň iş göwrümi 3500 kub sm-den ýokary bolan ýeňil awtoulaglary Türkmenistana getirmek hem gadagan edildi.

Emma bu gadagançylyklaryň Türkmenistanyň prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryş müdirligine, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem-de Türkmenistanyň syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetine degişli däl.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG