Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Brussel: ÝB aktiwistler bilen duşuşdy


Farid Tuhbatullin

Farid Tuhbatullin

Indiki hepdede Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen adam hukuklary boýunça maslahaty başlanýar. Bu çäräniň öňüsyrasynda ÝB-niň resmileri graždan jemgyýetçiliginiň wekilleri we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler bilen ýörite duşuşyk geçirdiler. Azatlyk Radiosy 3-nji sentýabrda Brusselde geçirilen bu duşuşyga gatnaşan adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen Inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş bolup, has jikme-jik maglumat sorady.

Azatlyk Radiosy: Farid, ÝB-niň resmileri bilen bolan duşuşygyň mazmuny we maksady barada gürrüň beräýseňiz.

Farid Tuhbatullin: Indiki hepdede ÝB-niň we Türkmenistanyň arasynda adam hukuklaryna bagyşlanan dialog bolar. Bu yzygiderli häsiýete eýe bolan çäre, şu sapar 6-njy gezek geçiriler. Adatça bu dialogyň öňüsyrasynda ÝB-niň resmileri Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada ynamly maglumat almak isleýärler we adam hukuklary boýunça iş alyp barýan guramalar bilen duşuşýarlar. Düýn Brusselde şeýle duşuşyklaryň biri boldy.

Azatlyk Radiosy: Farid şeýle duşuşyklaryň netijeliligine nähili baha berýärsiňiz?

Farid Tuhbatullin: Türkmenistandaky häzirki şertlerde, ýagny ilatyň we türkmen aktiwistleriniň öz arzlary, talaplary we teklipleri bilen häkimiýetlere göni ýüz tutmagy üçin mehanizmleriň ýoklugynda, bizde halkara guramalaryna ýüz tutmakdan başga mümkinçilik ýok. Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen şeýle dialog biz üçin mümkinçilikleriň biridir. Netijeler barada aýdylanda, köplenç uly bolmadyk üstünlikleri gazanyp bolýar. Olar Türkmenistandaky ýagdaýa uly bir täsir ýetirmeýän hem bolsa, biz Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna ýaramazlaşdyrýan meseleler we adamlaryň şahsy problemalary bilen ÝB-niň resmilerine ýüzlenmek mümkinçiliginden peýdalanýarys we olardan biziň arzymyzy türkmen häkimiýetlerine ýetirmegi we türkmen häkimiýetlerinden meseläni çözmegi talap etmegi haýyş edýäris.

Azatlyk Radiosy: Adam hukuklaryny goraýjylar, siziň özüňiz, ÝB-niň resmileriniň Türkmenistan bilen adam hukuklary boýunça dialogyndan nämä garaşýarsyňyz?

Farid Tuhbatullin: ÝB-niň resmileriniň adam hukuklaryny goraýjylar bilen düýnki duşuşygy ýeke-täk bir duşuşyk däl. Başga-da duşuşyklar boldy. Meniň özüm nämä garaşýaryn? Biz olara faktlary, takyk adamlaryň şahsy problemalaryna degişli maglumatlary berdik. Türkmenistanyň kanunlaryna degişli kemçilikler barada maglumat berdi. Indiki hepdede boljak duşuşygyň türkmen häkimiýetlerini kiçi ädimler bilen, bolsa-da, ýagdaýy özgertmäge itergi berjegine umyt baglaýaryn.

XS
SM
MD
LG