Sepleriň elýeterliligi

Minsk: Ukraina boýunça gepleşik geçiriler


Ukrainanyň gündogarynda ok atyşygy togtatmak boýunça gepleşikler 5-nji sentýabrda Minskde geçiriler. Kiýewiň resmileriniň orsýetçi gozgalaňçylar we Orsýetiň hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri bilen bilelikde duşuşmagy planlaşdyrylýar.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko gepleşikleriň täsirli boljagyna “seresaplylyk bilen optimizm” bildirdi.

Gozgalaňçylar esasan ors dilli Donetsk we Luhansk regionlary boýunça syýasy ylalaşyga gelinen ýagdaýynda özleriniň ýaraşyga razy boljagyny aýdýarlar.

Gepleşikler ÝB-niň we ABŞ-nyň Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasyna garşy has köp sanksiýalary yglan etmegi planlaşdyrýan wagtyna gabat geldi.

NATO-nyň 5-nji sentýabrda Walesde geçiren sammitinde guramanyň lideriniň 4 müň harbynyň gatnaşmagynda tiz herekete geçýän güýçleri döretmek barada yglan etmegi göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG