Sepleriň elýeterliligi

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň goşgulary.

Pursat

Şeýle bir owadan gyz geçip barýa!
Köçe hereketi durşuna doňdy.
Çar ýana çarp urýan maşyn sürüsi
kürtdürip durdy-da,
bir ýana eňdi.
Ýagyşam diňdi.
Gyradan keýtikläp gelýän ýaşuly
hasasyn eliniň tersine zyňdy.

Şeýle bir owadan gyz geçip barýa!
Gara niýet bilen barýan bir näkes
utanjyndan hin tapmady sümere.
Şahy siýmden sypan trolleýbuslar
toksuz ýöräp gitdi başga şähere.

Şeýle bir owadan gyz geçip barýa!
Hamana oňatla garaşýan ýaly
bir tarapa bakdy uludan-kiçä.
"Tiz kömekde" barýan näumyt hassa
tirsegne daýanyp,
jyklady köçä.

…Meňzäp çal buluda duwlanan Aýa,
owadan gyz
girdi gitdi bir jaýa.
Biraz tukatlanyp,
adamlar kimin
uludan dem aldy Asman hem Zemin.

***

Aldadandan aldanan ýagşy

Pytrap giden çüýşe gözüme döndi,
Çüýräp giden ýaprak ýüzüme döndi.

It ýylgyrşyn etdi paýawlan ömür,
Dişle tirsegiňi, başarsaň gemir.

Zalymyň öňünde başymy egmän,
Aldaýan kişiniň göwnüne degmän,

Ýapyk gapylara urup maňlaýy,
Ukusyz atyryp gara daňlary,

Oýa batýan: "Bar, düzet-dä dünýäni!
Gör eşekden düşüp, ata münýäni.

Görkez näme gelýänini eliňden,
Ýogsam ömrüň ne parhy bar ölümden…"

Güýçli gülmän bilmez, ejiz – aglaman,
Il aldanman bilmez, kezzap – aldaman.

Ýene aldadandan aldanan ýagşy.
Jeňňelde azaş-da, bolma-da wagşy!

Eger Taňryň gözi ýetsedi Ýere,
Bir adam galmazdy "Salam" diýere.

Her kim birniň ölümini dileýä,
Şeýdibem keç pelek guýruk bulaýa.

Adam bolup ýaşamaga bahana –
Ynsan bolup gelen bolsaň jahana.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG