Sepleriň elýeterliligi

Mariupol: Ok atyşyk alnyp barylýar


5-nji sentýabrda parahatçylyk ugurndaky gepleşikleriň öňüsyrasynda Ukrainanyň esasy şäherleriniň biri Mariupoldan gündogar tarapda ok atyşygyň sesiniň eşidilendigi barada habar berildi.

Ukrainanyň hökümetini goldaýan güýçler gijäniň dowamynda özleriniň ençeme sapar oka tutulandygyny aýtdylar.

ÝHHG-niň gözegçileri şäherden gündogar tarapda ýerleşýän iki obada 4-nji sentýabrda güýçli söweşleriň bolandygyny habar berdiler.

Ukrainanyň Azow deňzindäki strategik porty bolan we Orsýet bilen serhedinden günbatar tarapda ýerleşýän Mariupol şäheri regionda bäş aý bäri dowam edýän konfliktiň soňky gyzgyn nokadyna öwrüldi.

Gozgalaňçylar ýakynda Mariupol şäheriniň we Orsýet bilen serhediň arasyndaky şäheri eýelediler.

Orsýetiň täzelikler agentlikleri Donetskde gije ok atyşygyň bolandygyny habar berdiler. 5-nji sentýabrda Minskdäki gepleşiklerde Ukrainanyň gündogarynda ok atyşygy bes etmek barada ylalaşyga gelinjegine umyt baglanýarka söweşler dowam edýär.

XS
SM
MD
LG