Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sungata berlen ömür


Oraz Salyr milli aýdym-saz sungatynyň ösmegi, onuň professional derejä ýetmegi ugrunda, elinden gelen hyzmaty gaýgyrmandyr.
Oraz Salyr milli aýdym-saz sungatynyň ösmegi, onuň professional derejä ýetmegi ugrunda, elinden gelen hyzmaty gaýgyrmandyr.

Ençeme adam täze medeniýetiň döremegi hem kämilleşmegi üçin, agyr hyzmata hötde geldi. Adalat dabaralanjak bolsa, olaryň hyzmatyna laýyk baha bermek gerek.

Bagşy

Onuň hakyky ady Oraz Mäti ogly, halk arasynda Oraz Salyr ady bilen tanaldy. Tebigy belent sesi, ýakymly owazy hem ýiti başarnygy oňa uly abraý getirdi. Döwrüniň meşhur bagşysy boldy, häzirem şol meşhurlygyny saklaýar.

Türkmen bagşyçylyk sungatyndan habarly adam Oraz Salyryň senedine hormat goýýan bolsa gerek. Ussadyň aýdan "Ýaşylbaş", "Amman-amman", "Aýlansam", "Tüni derýa", "Badysaba“, "Köne güzer", "Elden gider", "Ýok meniň", "Zary bilen" ýaly halk aýdymlary ýokary kämillikden habar berýär.

Geň zat, Magtymguly Garly, Sahy Jepbar ýaly aýdym äleminde erkana sonarlap geçen beýik ussatlar Oraz Salyryň aýdan aýdymlaryny gaýtalamandyr. Onuň ussatlygy şol döwürde Hydyr bagşy, Nobat bagşy, Hally bagşy bilen deň hatarda goýulýar.

Ol diýseň mertebeli ekeni, öz gara hyzmatyna daýanyp durmuşyny aýlapdyr. Saz sungatyny öwreniji belli alym W.A. Uspenskiniň haýyşy bilen aýdan aýdymlary üçin, teklip edilen puly almakdan ýüz öwrüpdir. W.A. Uspenskiý Oraz Salyryň sungatyna-da, adamkärçiligine-de örän ýokary baha berýär.

Ussatlyk mekdebi

Oraz Salyr milli aýdym-saz sungatynyň ösmegi, onuň professional derejä ýetmegi ugrunda, elinden gelen hyzmaty gaýgyrmandyr.

Onuň geçen ýoly hem başarnygy beýleki bagşylar üçin, kämillik mekdebi saýylýar. Ol ilki tüýdügiň ýanynda ýanama aýdym aýdar ekeni. Soňra dutara geçmeli bolýar. Dutar onuň çeküwli hem belent sesi üçin, giň mümkinçilik döredýär.

Beýleki tarapdan, aýdym arasynda gelýän jukguldylar ýaly örän çylşyrymly ses öwüşginlerini döretmekde, dutar bagşa köp mümkinçilik berýär. Onsoňam saz seniň eliňde. Sen başga biriniň çalýan sazyny yzarlaman, öz owazyňy kowalamaly.

Dutara geçensoň, ussadyň elindäki hem sesindäki ösüşi köne ýazgylardan görmek o diýen kyn däl.

Kiçi Geldimyrat ýaly öň tüýdügiň ýanynda ýanama aýdan bagşylar hem bu göreldä eýerdiler.

Täzeligiň hyzmatynda

Bu bagşynyň beýleki bir hyzmaty 30-njy ýyllaryň başynda ilkinjileriň hatarynda Aşgabada gaýdyp, täze açylan türkmen radiosynda bagşy hökmünde işe başlamagydyr. Baryp, 1932-nji ýylda onuň sesi gramplastinka geçirilipdi.

Bu iňňän möhüm iş bolsa-da, köp bagşy-sazanda öz sesiniň tehniki ýazga geçirilmegini islemändir. Sesini ýazgyda galdyrmakdan gorkan bagşylar bolupdyr. Oraz Salyr belent ady hem uly hormaty bilen bu işde görelde bolýar.

Beýleki käbir bagşy-sazanda bolsa ýazgy etmek talaplaryna hötde gelip bilmändir. Şol döwürde ses ýazylýan plastinkalar bary-ýogy iki minuda golaý aýlanýan ekeni. Islendik aýdymy hem sazy şol wagta sygdyrmaly bolupdyr. Şonuň üçin köne ýazgylardaky bagşylar dutardan owaz almak üçin, birki kakuw edip, ýüzugra aýdyma başlaýarlar hem ony şo bady bilen aýdyp gutarýarlar.

Oraz Salyr bu talaplary başaryp bilipdir.

Öz döwründe halk gramplastinkalardan örän amatly peýdalandy. Ony aýtdyrmaga maşyn bolan ýerinde, millet bagşylaryň iň saýlama aýdymlaryny diňläp bildirler. Millet muny bir gudrat saýypdyr. Şol gudratdan Oraz Salyr ýerlikli peýdalanmagy başarýar. Gramplastinka oňa öz owazyny bütin ile ýetirmäge şert döredýär. Gramplastinka oňa abraý hem şöhrat getirýär.

Aşgabat radiosy barada aýdylanda, ol bagşylaryň sesini halk köpçüligine ýetirýän esasy tribuna öwrüldi. Öň radiodan gaçan bagşylar soňra ol ýerde çykyş etmäge höwes bildiripdir.

Hatyra

Oraz Salyryň şol hyzmaty nazara alynsa gowy bolardy.

Her bir ynsanyň dünýädäki hyzmaty tamamlansoň, onuň derejesini kesgitlemek soňky nesilleriň borjy bolup durýar.

Owaly Aşgabatda Bagşylar öýi ýaňadan dikeldilip, oňa-da Oraz Salyryň ady dakylsa gowy bolardy. Ýer yranmazyndan öň şeýle öý bolupdyr.

Bagşylar öýünde türkmen milli aýdym-saz sungatyna degişli muzeýi döretmek mümkin. Aýratyn-da, bagşylaryň oturyp aýdym aýtmagy üçin, çaklaňja zal bolar.

Bu dünýäde edilýän usul. Uly filarmoniýa zallarynyň gapdalynda ýa-da köşklerde kamera orkestri üçin, aýratyn zallar bolýar.

Ol ýerde bagşy öz sazandalary bilen 50-60 adamyň öňünde aýdym aýdar. Elbetde, oňa mydama daşary ýurtly myhmanlar gelip durar.

Myhmanlar milli aýdym-sazy tebigy ýagdaýda diňlärler, muzeý eksponatlaryna serederler hem isleseler milli türkmen saz gurallaryny, dürli ses ýazgylary, nota ýazgylaryny, albomlary hem aýdym-saz sungatyna degişli kitaplary satyn alyp bilerler. Ol ýerde geçen ussatlaryň şekilini synlamaga mümkinçilik bolar. Şonda olar Merkezi Aziýanyň bir şäherine däl-de, eýsem türkmenleriň arasyna gelendigini duýarlar.

Bagşylar öýi Oraz Salyryň hem onuň kärdeşleriniň başlangyçdaky ýola goýan hyzmatynyň dowamy bolardy.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.

XS
SM
MD
LG