Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Onlarça adam ýagyşdan öldi


Pakistanyň demirgazyk-gündogaryndaky Punjab we Azad Kaşmir welaýatlarynda güýçli ýagyş onlarça adamyň ölümine sebäp boldy.

Pakistanyň Betbagtçylyklar boýunça iş alyp barýan milli müdiriýetiniň 5-nji sentýabrda aýtmagyna görä, güýçli ýagyşyň başlanan ilkinji 24 sagadynyň dowamynda iki regionda azyndan 35 adam wepat bolupdyr.

4-nji sentýabrda agşam betbagtçylyk zerarly wepat bolanlaryň sanynyň azyndan 50 adama ýetendigi aýdyldy. 48 sagadyň dowamynda ýagan ýagyş suwunyň derejesi 130 millimetre ýetipdir.

Rawalpindi şäheriniň resmileri derýadaky suwuň derejesiniň güýçli ýokarlanmagy sebäpli duýduryş yglan etdiler we suw almak howpy astyndaky etraplaryň ýaşaýjylaryny ewakuasiýa etmäge başladylar.

Pakistan mundan dört ýyl ozal heläkçilikli suw joşgunyny başdan geçiripdi. 2010-njy ýylda bolan tebigy betbagtçylykda 1800 çemesi adam heläk bolupdy.

XS
SM
MD
LG