Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO “YD” toparyny ýazgardy


Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron NATO-nyň liderleri “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň “wagşyýana we zalym” hereketlerini ýazgarýar diýdi we bu ekstremist toparyň atýan haýbatlarynyň guramanyň öz gymmatlyklaryny goramak kararyny güýçlendirendigini aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerri söweşiji gurama garşy durmak boýunça planyň şu aýyň aýagynda BMG-niň Baş Assambleýasyna çenli taýýarlanmagyna çagyryş etdi.

Kerri ýaranlary yslam söweşijilerinden gelýän howpa garşy durmaga ündedi.

Kerri we Kameron 5-nji sentýabrda NATO-nyň Walesdäki sammitiniň dowamynda çykyş etdiler. Günbatar resmileri NATO-nyň Yraga howpsuzlyk ugurdan ýardamy sazlaşdyrmaga kömek berjekdigini aýtdylar.

Yragyň we Siriýanyň uly bölegini basyp alan “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri yrakly ýüzlerçe esgeri jezalandyrmakda we azlykdaky dini hem etniki toparlara zulum etmekde aýyplanýarlar.

Söweşijiler ýakynda ABŞ-nyň iki žurnalistini kellesini kesip öldürdiler, şeýle-de, britaniýaly zamuny öldürmek haýbatyny atdylar.

XS
SM
MD
LG