Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Ukrain süýjileri gadagan edildi


Orsýet Ukrainadan eltilýän ähli süýjileriň importyna gadagançylyk girizdi. Orsýetiň “Rospotrebnadzor” federal agentligi 5-nji sentýabrda girizen gadagançylygyna Ukrainanyň süýji öndürýän “Konti” we “AWK” kompaniýalarynyň önümleriniň Orsýetde alyjylaryň hukuklaryny bozmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy.

“Rospotrebnadzor” agzalan önümleriň daş gabynyň Orsýetiň kanunlarynda göz öňünde tutulan talaba laýyk gelmeýändigini aýtdy. Orsýet Ukrainanyň süýji öndürýän bir kompaniýasynyň önümlerine eýýäm gadagançylyk girizipdi.

Orsýet bilen Ukrainanyň gatnaşyklary Moskwanyň mart aýynda Krym ýarymadasyny anneksiýa edip öz düzümine goşmagyndan soň we Ukrainanyň gündogarynda dowam edýän gandöküşlikli konflikt sebäpli çürt-kesik ýaramazlaşdy. Kremliň tankytçylary Orsýetiň import gadagançylygyny geosyýasy gural hökmünde ulanýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG