Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Dalaşgärler milli hökümeti düzmäge taýýar


Owganystanyň prezidentlige bäsdeş dalaşgärleri prezidentlik saýlawlary boýunça dawanyň çözülmeginden soň milli bütewilik hökümetini düzmäge taýýardygyny NATO-nyň liderlerine aýtdylar.

Aşraf Ghani we Abdylla Abdylla 4-nji sentýabrda NATO-nyň Britaniýada geçirilýän sammitine ýollan bilelikdäki beýannamasynda “Biz hemme zady öz içine alýan syýasy garaýyşa ynanýarys we biz milli bütewilik hökümetini düzeris” diýdi.

NATO baş sekretary Anders Fogh Rasmussen bu beýannamanyň NATO agza döwletleriň liderlerine gowşandygyny aýdyp, “bize prezidentlige dalaşgärleriň ikisinden olaryň syýasy ylalaşyga geljekdigi barada habaryň gowşandygyny men tassyklaýaryn” diýdi.

Owganystanyň prezidentlik saýlawlarynyň netijeleriniň galplaşdyrylmagy barada edilen beýannamalardan soň, BMG-niň howandarlygynda sesleri gaýtadan sanamak prosesi alnyp barylýar.

XS
SM
MD
LG