Sepleriň elýeterliligi

Etniki türkmenleriň okuw aladalary


Etniki türkmen çagalary. Aleppo, 11-nji maý, 2013.

Etniki türkmen çagalary. Aleppo, 11-nji maý, 2013.

Yrakda, Siriýada gidýän uruş-gowganyň arasynda galan, şonuň ýaly-da ýaşaýan ýerlerinden göçmeli bolan etniki türkmenleriň çagalary bu okuw ýylyna uly kynçylyklar bilen başladylar.

Şol bir wagtda demirgazyk Owganystanda hem türkmen çaglarynyň okuw, mekdep aladalarynyň az däldigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan etniki türkmenler, eger uruş-gowga sebäpli çagalaryň bilim-sowat almagyna kembaha garalsa, olara geljekde sowatsyzlyk howpunyň abanýandygyny duýdurýarlar.

Azatlyk Radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň nobatdaky sanynda şu meseleler barada gürrüň edildi we ony diňläp, öz pikirleriňizi aýtmagyňyza garaşýarys.

XS
SM
MD
LG