Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ýollaryň baglanmagy kynçylyk döredýär"


Aşgabat, polisiýa işgäri ýolda dur. 18-nji awgust, 2014.
Aşgabat, polisiýa işgäri ýolda dur. 18-nji awgust, 2014.

Türkmenistanda täze-täze binalaryň düýbüniň tutulmagy, gurulmagy we dabara bilen açylyp, ulanylmaga berilmegi adata öwrüldi. Bu dabaralara ýurduň prezidenti hem gatnaşýar.

Türkmen metbugaty şu hepde Aşgabatda täze Halkara gümrük terminalynyň, Halkara awtoterminalyň dabaraly açylyşynyň bolandygyny, uly tizlikli «Aşgabat-Türkmenbaşy» awtomagistralynyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabaranyň bolandygyny habar berdi.

Bu dabaralara ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy diýip, resmi maglumatda aýdylýar.

Ýöne şeýle dabaralara prezidentiň gatnaşmagy täze açyljak binanyň töweregindäki ýollaryň wakanyň has öňünden esli wagt baglanmagyna we şäher ilatanyň uly kösençligine sebäp bolýar diýip, ýerli ýaşaýjylara Azatlyk Radiosyna habar berýärler.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, aşgabatly raýat aktiwisti Nurberdi Nurmämmedowa telefon etdi.

Aktiwist bilen söhbetdeşligi diňläp, bu mesele barada öz pikirleriňizi ýazsaňyz, hoşal bolarys.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:46 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG