Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: Mejbury pagta ýygym başlandy


Özbegistanda tutuş ýurt boýunça pagta ýygyma ilkinji bolup, iberilenleriň arasynda medisina işgärleri we studentler pagta meýdanlaryna çykaryldy.

Medisina edaralarynyň ençemesiniň gapylarynda “Hemme pagta ýygymda. Keselhana 18:00 çenli ýapyk” diýen mazmunly ýazgy bar.

Medisina ugrundan bilim alýan studentler özlerinden pagta ýygym işlerine “watanynyň abadançylygy üçin meýletin” gatnaşýandygy barada dil hatynyň alnandygyny habar berdiler. Student hata gol çekip, pagta ýygymdan sebäpsiz gaýdan ýagdaýynda uniwersiteti terk etmäge razydygyny aýdýar.

2012-nji ýylda 100-den gowrak halkara geýim öndürijileri özbek pagtasyny almakda boýun gaçyrdy we ýurduň pagta önümçiliginde çaga zähmediniň ulanylmagyny ýazgardy.

XS
SM
MD
LG