Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Orsýete garşy täze sanksiýa girizmekçi


8-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Orsýetiň Ukrainaky hereketleri babatynda sanksiýalarynyň dördünji tapgyryny kabul etmegine garaşylýar.

Täze çäreler ÝB-niň liderleri tarapyndan 5-nji sentýabrda NATO-nyň Walesdäki sammitiniň ýanynda ylalaşyldy. Bu karar Kiýewiň we orsýetçi gozgalaňçylaryň ok atyşygy bes etmek we bäş aý uzaga çekip, 2 600 adamyň ölümine sebäp bolan konflikti tamamlamak barada ylalaşyga gelmeginden birnäçe sagat soň yglan edildi.

ÝB Orsýet ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyga hormat goýup, öz goşunlaryny yza çeken ýagdaýynda täze sanksiýalaryň yza tesdiriljegini aýtdy. Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň jogaby gaharly boldy we sanksiýalaryň güýje giren ýagdaýynda berjek “reaksiýasynyň” garaşylmadyk boljagyny aýtdy.

Ok atyşygy bes etmek ylalaşygyna garamazdan, 7-nji sentýabrda deňizýaka Mariupol şäheriniň golaýynda we Donetsk şäheriniň aeroportunyň ýanynda ok atyşygyň bolandygy barada habar berildi.

XS
SM
MD
LG