Sepleriň elýeterliligi

Orsýete gaýtawul bermekdäki bölünişik


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin (S) we onuň slowak kärdeşi Robert Fiko (Ç) Moskwada bolan duşuşykdan soň guralan metbugat konferensiýasynda, 16-njy noýabr, 2009.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin (S) we onuň slowak kärdeşi Robert Fiko (Ç) Moskwada bolan duşuşykdan soň guralan metbugat konferensiýasynda, 16-njy noýabr, 2009.

Wyşegrad Dörtlügi diýilýän, Çeh respublikasy, Wengriýa, Polşa we Slowakiýa – bularyň her biri Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasyna gaýtargy bermekde öz liniýasyny eýeleýär. Onsoň olaryň bölünişigi Ýewropanyň aýgytly hereket etmek ukybyny ysgyndan salýar.

Çehiýanyň prezidenti Milos Zeman şu hepde NATO-nyň Weýlsdäki sammitinde Praga entek Orsýetiň Ukrainadaky interwensiýasy babatda «aýdyň delil» görenok diýip, Şwesiýanyň daşary işler ministri Karl Bildt bilen çekeleşige girdi.

"Prezident Zeman öz halkyndan soramaly» diýip, Bildt oňa gaýtawul berdi. “Men Çeh respublikasynyň aňtaw gullugynyň bardygyny ýa ýokdugyny bilmeýärin. Ol barmy? Onda ol şolardan soramaly."

Bu ýerde emele gelen ýagdaý Günbatarda köpleri geň galdyrdy: NATO-nyň gündogar tarapdaky käbir ýurtlary Orsýetiň Ukrainadaky interwensiýasyna we onuň umumy söweşjeň pozisiýasyna göre-bile aladalanmaýarlar.

Dörtlügiň bölünişigi

Ukrain krizisi Wyşegrad dörtlügi diýilýäniň - Çeh respublikasynyň, Wengriýanyň, Polşanyň we Slowakiýanyň arasyna böwşeňlik saldy. Howsalaçy Polşadan Kremle dostlukly Wengriýa çenli, bu topary mümkin bolan pozisiýalaryň gammasy dolandyrýar. Onsoň olaryň agzalalygy Ýewropa Bileleşiginiň we NATO-nyň Moskwa bileleşikli gaýtawul bermegini kynlaşdyrýan bir faktor bolup durýar.

Orsýet bilen Günbataryň arasyndaky dartgynlyklaryň ýokary galmagy bilen, Wyşegrad dörtlüginiň Moskwadan abanýan howpa düýpden dürli-dürli garaýandygy aýdyň boldy. Onsoňam, ÝB-niň Orsýete garşy berk sanksiýalary girizmek babatda ylalaşyk gazanmaga çalyşýan wagtynda, Budapeşt, Bratislawa we Praga üçin ykdysady hasaplamalar esasy mesele bolup durýar.

1990-njy ýyllardan bäri Orsýet bilen arada giňelen ykdysady hyzmatdaşlyk «bu ýurtlardaky strategiki pikirlenişiň aşagyny opurdy» diýip, Bratislawadaky Merkezi Ýewropa syýasaty institutynyň howpsuzlyk we goranyş boýunça ylmy işgäri Marian Majer Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna aýtdy.

Kelte pikirleniş

«Ukrainadaky krizis bize bu ýurtlarda strategiki pikirlenişiň we howp-hatar baradaky düşünjäniň başga-başgadygyny görkezdi, onsoň olaryň käbirinde ykdysady deliller gelejek baradaky strategiki delillerden we uzak möhletli garaýyşlardan ýokary galýar» diýip, Majer aýtdy.

"The Economist" žurnalynyň uly redaktory we «Täze sowuk uruş: Putiniň Orsýeti we Günbatara abanýan howp» atly kitabyň awtory Edward Lukas bu pikir bilen ylalaşýar.

"Polşa post-kommunist dünýäsiniň şübhesiz lideri hökmünde ägirt uly öňbaşçylyk edýär. Beýleki ýerlerde bu ýagdaý düýpden başgaça. Slowakiýa başda tasdan Putiniň tarapyny alan ýaly göründi, keminden sanksiýa garşy çykdy. Çehler hem, hususan-da [prezident Milos] Zeman, meniň pikirimçe, şuňa meňzeş ugursyz liniýany saýlap aldy” diýip, Lukas aýtdy.

Lukas Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbany bu «toparyň içinde iň ýaramazy» hökmünde häsiýetlendirdi we onuň Ýewropanyň galan böleginde esasy akym hasaplanylýan liberal-demokratik ýörelgeleri açyk ret edendigini aýtdy.

"Meniň pikirimçe, bu ýagdaý tutuş Wyşegrad ideýasyna, geosyýasy we diplomatiki aktýor hökmünde, ullakan labyr atdy» diýip, Lukas sözüniň üstüni ýetirdi.

Orsýet özüniň Ýewropadan import edilýän maşynlara gadaganlyk girizjegini ýaňzytdy, bu çäre hususan-da Wengriýa we Slowakiýa agyr degjekdi.

"Ýaranlara ynanmazlyk"

Ol ýerde Wyşegrad dörtlüginiň agzalarynyň arasynda Moskwadan abanýan potensial howp baradaky pikir dürlüliginiň görnüp duran bir düşündirişi ýok.

"Merkezi we Gündogar Ýewropa görnetin ýaranlara ynanmaýar, ýagny olar krizis mahalynda öz beren wadalarynda durup bilmezler öýdüp gorkýar» diýip, rus syýasatçysy Fýodor Lukýanow 4-nji sentýabrda ýazdy.

2009-njy ýylyň iýulynda, Merkezi we Gündogar Ýewropanyň öňdebaryjy intellektuallarynyň we ozalky syýasatçylarynyň topary, şol sanda Wyşegrad dörtlügine girýän ýurtlaryň ählisi birleşip, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama açyk hat ýazypdy. Ol hatda Waşingtonyň «transatlantik oriýentasiýa» bolmaly zat ýaly garamaly däldigi duýdurylýardy.

Haty ýazanlar regionyň, 21nji asyryň taktikalary bilen 19-njy asyryň maksatlaryny yzarlaýan «rewizionist» Orsýetiň basyşy astynda, ÝB-niň içindäki atlantikaçy ses bolmagyny bes edip biljegini duýdurdylar.

XS
SM
MD
LG