Sepleriň elýeterliligi

ÝB: Täze sanksiýalara garaşylýar


Ýewropa Komissiýasynyň sözçüsi Pia Ahrenkilde-Hansen Ýewropa Bileleşiginiň 8-nji sentýabrda Orsýete garşy täze sanksiýalary girizmekçidigini aýtdy. Bu sanksiýalar Kremliň Ukrain konfliktinde oýnaýan roly sebäpli, Orsýet tarapyndan teklip edilen yrga ýaraşyga garamazdan girizilmekçi bolýar.

ÝB-niň resmileri Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna sanksiýalaryň, ýazylan prosedura boýunça, Brýussel we Praga wagty bilen sagat 15.00-da, eger ÝB-niň agza döwletleriniň hiç biri garşy bolmasa, awtomatiki görnüşde tassyklanjagyny aýtdylar. Ahrenkilde-Hansen sanksiýalaryň 9-njy sentýabrda ÝB-niň Resmi žurnalynda çap edilen pursatyndan güýje girjegini aýtdy.

ÝB-niň liderleri bu görüljek täze çäreler barada Weýlsde geçirilen NATO sammitiniň gapdalynda, 5-nji sentýabrda ylalaşyga geldiler.

Bu karar Kiýew bilen orsýetçi pitneçiler gündogar Ukrainada bäş aýa çeken we 2600 çemesi adamy öldüren konflikti soňlamak üçin atyşygy bes etmäge razy bolanlaryndan birnäçe sagat soň kabul edildi.

Ýaraşyk saklansa...

ÝB, eger Moskwa atyşygy kesmegiň şertlerine hormat goýsa we öz goşunlaryny yzyna çekse, täze sanksiýalaryň togtadylyp bilinjegini aýtdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi, eger täze sanksiýalar girizilse, muňa «reaksiýa» görkezmegi wada berdi, ýöne anyk näme etjegini aýtmady.

Moskwa ABŞ-nyň we ÝB-niň mundan öňki sanksiýalar tapgyryna Günbataryň köp azyk önümleriniň importyna gadaganlyk girizmek bilen jogap beripdi.

NATO-nyň garşylykly subutnamanyň ýeterlikdigini aýdýandygyna garamazdan, Moskwa özüniň Ukraina goşun iberendigini we pitneçileri ýaraglandyrandygyny ret edýär.

Diplomatlar täze sanksiýalaryň ÝB syýahat gadaganlygyna we emläk doňdurma sezewar boljak resmileriň giňeldilen sanawyny, şeýle-de rus kompaniýalaryna kredit bermek çäklendirmelerini we dürli maksatlar üçin ulanylýan harytlaryň eksportyna gadaganlygy öz içine alýandygyny aýdýarlar.

ÝB-niň diplomatlarynyň maglumatyna görä, Orsýetiň Gazprom banky we Gazprom Neft Ýewropa Bileleşiginde maýa toplamak gadaganlygy astyna düşer.

Täze atyşyk boldy

Atyşygyň bes edilendigine garamazdan, 7-nji sentýabr güni irden kenar şäheri Mariupulyň golaýynda we Donetsk aeroportunda täze atyşygyň bolandygy habar berildi.

Mariupuldaky top atyşlyk bir asuda adamy öldürip, ýaraşyk başlanaly bäri ilkinji pida sebäp boldy.

Soňky atyşykda azyndan dört adamyň ýaraly bolandygy habar berildi.

Şu arada ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň uly kömekçisi NATO-nyň bäş döwletiniň Ukraina ýarag we geňeşçileri ibermäge razy bolandygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, agzalan dört döwlet – Birleşen Ştatlar, Italiýa, Norwegiýa we Polşa beýle wadany berendigini ret etdi.

NATO resmileri ýaranlygyň agza däl Ukraina ýarag ibermejekdigini, emma indiwidual ýaranlaryň, eger özleri isleseler, muny edip biljeklerini aýtdy.

Orsýet Ukraina bilen NATO ýaranlygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna gazaply garşylyk görkezýär.

Günbataryň rus prezidenti Wladimir Putini 46 million ilatly öňki sowet respublikasyny bilkastdan durnuksyzlaşdyrmakda günälemegi bilen, Ukrain konflikti täze Sowuk uruş baradaky gürrüňleriň gaýtadan döremegine sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG