Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goýunly: Täze hökümete umyt baglaýarys


Baýmyrat Goýunly
Baýmyrat Goýunly

Owganystanyň Saýlaw komissiýasy 14-nji iýunda geçirilen dawaly prezidentlik saýlawlaryna degişli sesleri barlamak we gaýtadan sanamak prosesi doly tamamlandy diýip yglan etdi. Munuň yzýany bäsdeş dalaşgärleriň hökümeti düzmek boýunça geçiren özara gepleşikleriniň netije bermändigi barada habar berildi.

Owganystanyň Jowzjan welaýatynyň häkimi Baýmyrat Goýunly ýene birnäçe etnik türkmen resmileri bilen bilelikde BMG-niň Kabuldaky wekili bilen duşuşyp, ýurtdaky syýasy ýagdaý barada pikir alyşdy. Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady Baýmyrat Goýunly bilen söhbetdeş bolup, bu gepleşikleriň mazmuny barada gürrüň bermegi sorady.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:18 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG