Sepleriň elýeterliligi

Daşkent: Karimowa jenaýatçylaryň arasynda agzaldy


Özbegistanyň Baş prokuraturasy “Karimowa G.” atly zenana guramaçylykly jenaýatçylar topary babatynda gozgalan işde şübhe astyna alnan şahs hökmünde garalýandygyny aýtdy.

Orsýetiň RIA Nowosti täzelikler agentligi özbek hökümetindäki ady agzalmadyk çeşmä salgylanyp, Karimowa G. diýlip görkezilen şahsyň Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň uly gyzy Gulnara Karimowadygyny aýtdy.

Köplenç Günbatar Ýewropada ýaşan 42 ýaşly baý telekeçi zenan Karimowa geçen ýylda korrupsiýa bilen bagly dawanyň ýüze çykmagyndan soň öz biznesini ýapmaly bolupdy we öý tussaglygyna höküm edilipdi.

Maý aýynda Karimowanyň iki ýakyn ýoldaşy, şol sanda telekeçi Rustam Madumarow maliýe jenaýatçylyklar sebäpli uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.

Baş prokuroryň beýannamasyna görä agzalan topar gorkuzyp pul talap etmekde, galplykda we hilegärlikde aýyplanýar.

XS
SM
MD
LG