Sepleriň elýeterliligi

“Malaziýa uçary daşyndan uruldy”


Gollandiýaly bilermenler iýul Ukrainanyň gündogarynda heläkçilige uçran ýolagçy uçaryň “ýokary energiýaly obýektleriň” uly möçberinden zeper ýetip ýere gaçandygyny aýtdylar.

Gollandiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň ilkinji hasabatynda Malaziýanyň howa ýollarynyň MH17 reýsiniň heläkçilige uçramagyna “tehniki ýalňyşlyklaryň” ýa-da ekipažyň kemçilikleriniň sebäp bolmagyna hiç hili alamatyň ýokdugy aýdyldy.

17-nji iýulda Ukrainanyň Topez şäheriniň golaýynda ýere gaçan uçaryň 298 ýolagçysynyň ählisi heläk boldy. Olaryň köpüsi Gollandiýanyň raýatlarydy.

Uçar heläkçiliginiň bolan ýerinde derňewler geçirilip, jesetleriň köpüsi çykaryldy. Emma Ukrainanyň hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky söweşler derňewleriň dowam etdirilmegine päsgel beripdi.

XS
SM
MD
LG