Sepleriň elýeterliligi

Obama Yragy täze hökümet bilen gutlady


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Yragy täze hökümetiň tassyklanmagy bilen gutlady we “Yslam döwletiniň” söweşijilerine garşy ýakyn hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Ak Tamyň aýtmagyna görä, Obama Yragyň parlamenti 8-nji sentýabrda täze hökümeti tassyklansoň, premýer-ministr Haidar al-Abadä jaň edip, ony we yrak halkyny gutlapdyr.

Abadi “Yragyň umumy duşmanyna garşy göreşmäge ukybyny artdyrmak üçin ýurduň ähli jemgyýetleri, şeýle-de regional we halkara partnýorlary bilen işleşmäge islegini mälim etdi”, diýip Ak Tamyň beýannamasynda aýdylýar.

Maglumata görä, liderler Yragyň hökümetiniň “yrak halkynyň isleglerini we kanuny talaplaryny üpjün etmek üçin takyk ädimleri gyssagly ätmeli” diýip belläpdir.

XS
SM
MD
LG