Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abdylla derňew netijelerini ret edýär


ABŞ Owganystanyň prezidentligine dalaşgär Abdylla Abdyllany geçirilen derňewleriň netijelerine hormat goýmaga çagyrdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat-wekili Jen Psaki “doktor Abdylla konstitusiýany berjaý etjegini yzygiderli mälim edipdi”, diýip 8-nji sentýabrda eden çykyşynda aýtdy.

Abdylla Abdylla 14-nji iýunda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň netijelerini özüniň kabul etmejegini aýtdy we öz garşydaşy Aşraf Ghani bilen bütewi hökümeti düzmek barada ylalaşyk ugrundaky tagallalaryň çykgynsyz ýagdaýdygyny aýtdy. Abdylla 8-nji sentýabrda eden çykyşynda “biz galp saýlawlaryň netijelerini kabul etmeris we galp hökümeti kabul etmeris” diýdi.

Dawaly saýlawlara degişli sesleri barlamak we gaýtadan sanamak boýunça işleriň gutarnykly netijeleriniň şu hepdede yglan edilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG