Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk TW

"Dünýä bazary" göçürilýär


Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň gündogarynda ýerleşýän uly bazaryň göçürilýändigi habar berilýär. Il içinde “Dünýä bazary” ady bilen tanalýan bu bazarda 5 müň çemesi dükanyň bardygy aýdylýar. Bazaryň administrasiýasynyň berýän maglumatyna görä, “Dünýä bazarynyň” ýerleşjek täze ýerinde 3 müň çemesi dükan taýýarlanylýar. Bu maglumatdan çen tutulsa, bazaryň göçürilmegi 2 müň çemesi dükan eýesine öz täsirini ýetirer. Wideo ýazgyda göçüriljek “Dünýä bazarynyň” häzirki ýerleşýän ýerinden käbir pursatlara tomaşa edip bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG