Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Orsýete garşy sanksiýa girizdi


Ýewropa Bileleşigi Orsýete garşy täze ykdysady sanksiýalary formal taýdan kabul etdi, emma olaryň güýje girmegini yza tesdirdi. ÝB Ukrainanyň günortasynda ok atyşygy bes etmek barada ylalaşygyň güýje girmegine wagt bermek isleýär.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Herman Wan Rompuynyň 8-nji sentýabrda aýtmagyna görä, iýul aýynda yglan edilen çäreleri güýçlendirýän sanksiýalar ýazmaça proseduranyň üsti bilen tassyklanypdyr.

Ukrainanyň hökümeti we orsýetçi separatistler ok atyşygy bes etmek barada 5-nji sentýabrda ylalaşdylar. Ukrainanyň gündogarynda aprel aýyndan bäri dowam edýän söweşlerde 2 600 gowrak adam wepat boldy.

ÝB eger Moskwa ok atyşygy bes etmegiň şertlerine hormat goýsa we öz goşunlaryny Ukrainanyň giňişliginden çykarsa sanksiýalaryň yza tesdiriljegini aýtdy.

XS
SM
MD
LG