Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Orsýete garşy sanksiýa girizdi


Belgiýa, rus prezidenti Wladimir Putin (S) we Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompuy (Ç) metbugat ýygnagynda, 28-nji ýanwar, 2014.
Belgiýa, rus prezidenti Wladimir Putin (S) we Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompuy (Ç) metbugat ýygnagynda, 28-nji ýanwar, 2014.

Ýewropa Bileleşigi Orsýete garşy täze ykdysady sanksiýalary resmi taýdan kabul etdi, emma olaryň durmuşa geçirilmegini gündogar Ukrainadaky yrga atyşygyň ýol alyp-almaýandygyny kesgitlemek üçin soňa goýdy.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman Van Rompuy 8-nji sentýabrda sanksiýalar tapgyrynyň iýulda yglan edilen nyşanalaýyn sanksiýalary çuňlaşdyrýandygyny we ýazylan prosedura esasynda kabul edilendigini aýtdy.

Ol bu sanksiýalaryň «gelýän birnäçe günde güýje girjegini» aýtdy. «Bu atyşygy kesmek ylalaşygynyň we parahatçylyk planynyň durmuşa geçirilişine baha bermek üçin wagt mümkinçiligini berer.”

Ukrain hökümeti bilen orsýetçi gozgalaňçylar 5-nji sentýabrda atyşygy kesmeklige, aprel aýyndan bäri 2600-den gowrak adamy öldüren we Orsýet bilen Günbataryň gatnaşyklaryna uly zyýan ýetiren konflikti soňlamaga tarap ilkinji ädime razy boldular.

ÝB, eger Moskwa ýaraşygyň şertlerine hormat goýsa we öz goşunlaryny ukrain topraklaryndan yza çekse, sanksiýalaryň togtadylyp bilinjegini aýtdy.

Kiýew we NATO Orsýetiň gündogar Ukrainanyň Donetsk we Luhansk sebitlerinde hökümet güýçlerine garşy uruşýan pitneçilere esger we ýarag kömegini iberendigini aýdýar, Moskwa bu aýdylýanlary ret edýär.

ÝB diplomatlarynyň aýtmaklaryna görä, teklip edilen täze sanksiýalaryň arasynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň Orsýetiň uly energiýa firmalaryna, şol sanda «Rosneft», «Transneft» we «Gazprom Neft» kompaniýalaryna karz bermegini we olary maliýeleşdirmegini gadagan etmek hem bar.

«Rosnefte» garşy eýýäm Birleşen Şiatlar tarapyndan hem sanksiýa girizilipdi.

ÝB liderleri bu sanksiýalar barada 5-nji sentýabrda, NATO-nyň Weýlsde geçen sammiti mahalynda ylalaşyga geldiler.

Orsýetiň reaksiýasy

Moskwada, Orsýetiň Daşary işler ministrligi, eger-de has kän sanksiýa girizilse we durmuşa geçirilse, oňa «reaksiýa» bildirjegini aýtdy, emma anyk näme etjegini aýtmady.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew 8-nji sentýabrda Orsýetiň «Wedomosti» gazetine beren gürrüňinde, «eger energiýa pudagyna garşy ýa-da Orsýetiň maliýe pudagyna garşy goşmaça sanksiýa girizilse», Günbataryň howa ýollarynyň uçarlarynyň Orsýetiň howa giňişliginden geçmeginiň gadagan edilip bilinjegini aýtdy.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko 8-nji sentýabrda günorta-gündogarda gabawa alnan Mariupul şäherine sapar etdi.

"Indi tutuş Ukraina Maripul şäherini goramaga kömek bermäge taýýar" diýip, Poroşenko polat işläp-bejerýän işçileriň öňünde eden çykyşynda aýtdy. Şeýle-de ol bu ýerdäki hökümet güýçleriniň tanklar, raketa atyjylar we howa goragy bilen güýçlendiriljegini yglan etdi.

"Biz öz döwletimizi goramaga taýýar. Biziň ýaragly güýçlerimiz, milli gwardiýamyz, serhetçilerimiz taýýar durlar. Emma syýasy kararlar barada aýdylanda, biz parahatçylykly ylalaşyk prosesi üçin elimizden gelen ähli zady ederis" diýip, Poroşenko aýtdy.

Rus habar gulluklary Poroşenkonyň Kiýew NATO döwletleriniň bir topary bilen olaryň Ukrainany göni ýarag bilen üpjün etmegi barada ylalaşdy diýendigini habar berdiler.

Poroşenkonyň uly derejeli kömekçisi 7-nji sentýabrda Kiýew Weýlsde geçen NATO sammiti mahalynda NATO-nyň agza ýurtlarynyň bäşisi bilen ok-ýarag we harby geňeşçileriň iberilmegi barada ylalyşyga geldi diýdi. Emma ol bäş ýurduň dördüsi bada-bat beýle ylalaşyga gelnendigini ret etdi.

Şeýle-de Poroşenko orsýetçi separatistleriň, ýaraşygyň şertleriniň çäginde, Ukrainanyň 1200 sany uruş ýesirini azat edendiklerini aýtdy.

Emma ol ýene 863 ukrainalynyň ýesirlikde saklanýandygyny, Kiýewiň olary azat etmek üçin mümkin bolan ähli zady etjegini hem sözüne goşdy.

ÝHHG-nyň ýerine ýetiriji başlygy 8-nji sentýabrda Ukrainadaky konflikti soňlamak üçin atyşygy kesmegiň ýeterlik däldigini aýtdy.

Şweýsariýanyň prezidenti Didier Burkhalter Ženewada žurnalistlere "Bize syýasy proses, milli dialog we iki prezidentiň arasyndaky dialog gerek» diýdi we ÝHHG-nyň kömek etmäge taýýardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG