Sepleriň elýeterliligi

"Gözümiz ýolda galdy"


Türmedäki adam

Türmedäki adam

Sosial ulgamlarda Türkmenistanda «altyn amnistiýa» garaşylýandygy, tussaglaryň garyndaşlarynyň ýurduň prezidentine öz bendilikdäki hossarlarynyň günäleriniň geçilmegi baradaky haýyş bilen ýüz tutýandyklary barada gürrüň edilýär.

Ýurt içindäki çeşmeler bolsa il arasynda şeýle umytlaryň her uly baýramçylygyň öňünden güýçlenýändigini, emma bu barada hiç bir resmi maglumatyň berilmeýändigini aýdýarlar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň türmelerinde saklanýan onlarça tussag barada on ýyldan gowrak wagt bäri hiç hili maglumat berilmeýär. Ol tussaglaryň garyndaşlary hem öz bendi hossarlary barada hiç zat bilmeýändiklerini, diňe olaryň sag-aman gelmegine umyt baglaýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanda şeýle uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen bendileriň biri hem Serdar Rahymow, ol Türkmenistanyň Tele-radio gepleşikler komitetiniň başlygy, uly derejeli partiýa işgäri we ilçi bolup işledi. Emma Serdar Rahymow 2003-nji ýylda 25 ýyl tussaglyga höküm edildi we maşgalasy ondan şondan bäri habar alyp bilmeýändigini aýdýar.

Azatlyk radiosy Serdar Rahymowyň ykbaly bilen gyzyklanyp, onuň Aşgabatda ýaşaýan aýaly Artykgül Çaryýewna bilen telefonda gürrüňdeş boldy.

XS
SM
MD
LG