Sepleriň elýeterliligi

Altyn güýz hem pagta


Güýz pasly.

Güýz pasly.

Pasyllar soltany altyn güýz ýetip geldi. Bu iýr-iýmişiň iň tagamly böleginiň ýetişýän döwri hem hasylyň ýygnalýan wagty. Şonuň üçin ynsan ömründe güýzüň aýratyn orny bar.

Gözellik hem bereket

Güýz gözellik babatda hem hiç bir pasyldan pes däl. Poeziýa eserlerine seretsek, güýz ýaz paslyndan soňky iň taryply, iň gözel möwsüm saýylýar. Bizde muňa aýratyn-da 60-njy ýyllarda köp üns berildi. Bu ýerde rus hem dünýä poeziýasynyň täsiri bolandyr diýip çaklaýan.

Lebap welaýatynyň pagta meýdanlarynda pagta ýygýan çagalar.

Lebap welaýatynyň pagta meýdanlarynda pagta ýygýan çagalar.

Onsoňam üç aýyň gazaply tomsundan soň başlanýan güýzüň ynsana aýratyn ýakymy bar. Gijeler salkynlaýar, suwlar sowaýar, dem-dynç almaga şert döreýär. Gündizlerine howa gyzgyn bolsa-da, beýle bir ýakyp-ýandyryp barmaýar.

Güýzde dürli-dümen iýr-iýmişler ýetişýär. Güýzdäki ýaly süýji iýmiş başga hiç pasylda ýok. Munuň özi islendik öwgä-de, tarypa-da mynasyp.

Ýöne XX asyrdan başlap, halk durmuşy bilen tebigat şertleriniň arasynda gazaply üzňelik başlandy.

Geçen asyryň başynda, has takygy 1-nji Jahan urşy başlanýança, Garagum çölünde 4-5 million goýnuň sonarlap gezendigi aýdylýar. Ýöne bu ýurdy ýokardan we başga ýerden dolandyrýanlar maldarçylygy peseldip, ekerançylyga, aýratyn-da pagta köp üns berdiler. Sähel wagtda tebigat keşbini üýtgetdi. Suwy köp talap edýän gowaça meýdany artyp başlady. Şondan soň türkmeniň maly hiç wagtda milliona ýetmedi.

Şonuň bilen birlikde, türkmeniň howa şerti, güýz hem ýaz pasly guraklaşyp başlady.

Hasyl

Biziň tebigatymyzda saralyp duran agaçlary görmek gaty kyn. Sebäbi tebigatda agaç – daragt az. Bar bolan baglar kimiňdir gapysynda ösýär. Şonuň üçin güýzüň goýazy öwüşginini, şahadan tänip düşýän ýapragy synlamak müşgil iş. Bizde tebigaty bezäp duran baglykdyr tokaýlyk az.

Ýöne gowaça meýdany näçe diýseň bar. Töwerek-daşyň, medeniýetli – suwarymly ýeriň aglaba bölegini gowaça tutýar.

Daýhanlar ýyl boýy şol gowaçanyň içinde. Pagta ýygymynyň başlanmagy bilen olaryň aladasy has artýar.

Bir ýerlerde maşyn bilen ýygyljak gowaçanyň ýapragyny düşürýändirler. Zäherli dermanyň ysy bütin töwerege ýaýraýar. Onuň adam saglygyna ýetirýän täsiri barada aýdylmaýar. Ýöne ýaplardan suw içmezlik maslahat berilýär.

Ýygym

Milletiň gazanjy, ýyl boýy çeken azaby pagta planyň dolmagyna baglydy. Plan bolsa bir aýda, iki aýda dolar ýaly däl, pellehana gaty uzakdan bellenýär.

Başga ýerlerde nähilidigini biljek däl, Mary hem Ahal welaýatlarynda, sentýabr aýynyň başlarynda-da gowaça suw tutýarlar. Sebäbi ýaş gozalar ýetişsin, ýetişen gozalar hem çaltrak açylsyn diýýärler.

Pagta ýygylanda, ýagny gowaçanyň içinden adam geçse, körekleriň açylmagyna ýardam edýär. Şol maksat bilen ýolbaşçylar pagtanyň köp ýa azlygyna garamazdan, ýygymçynyň gezip ýörmegini talap edýärler.

Şol talaba laýyklykda daýhanlar, okuwçylar hatda çagalar ir ertirden giç agşama çenli gowaçanyň içinde iki bükülip, pagta ýygýar.

Bu biziň üçin güýz paslydy. Ol tükeniksizdi hem uzakdy.

Durnalar

Güýz aýaklanynda, asmandan durna geçerdi.

– Alha, durnalar barýar! – diýip, biri gygyrardy.

Adamlar bilini ýazyp, gowaçadan başyny dikläp, çaňjaryp duran giň asmany synlardy.

Hakykatdanam, durnalar toýnuk gurap barýandyr. Haýal, ýöne örän parahat uçýandyr. Özlerem örän belentden. Diýmek, biziň topragymyza gonmak niýeti ýokdur. Bu gowaça meýdany olaryň gözüne otluk, bir sonarly ýer bolup görünmeýän bolarly.

Şol durnalar ýygymçylara rahatlyk hem ýeňillik getirýärdi. Diýmek, gowaçany sowuk urjak wagty golaýlaşýar.

Gowaça sentýabryň başlarynda-da suw tutýarlar diýipdik, ol sowuk urýança açylmagyny dowam etdirýär. Suw doňup, ekini sowuk uransoň, bar bolan gozalar bit tapgyr açylýar. Şonuň bilenem pagta ýygymy tamamlanýar.

Onsoň körek ýygymy başlanýar. Garaz, gowaçany sowuk urmagy bilen pagta ýygymy birýanly bolup başlaýar.

Yssy ýurtlara uçup barýan durnalar şeýle hoş habar getirerdi.

Güýzüň şekili

Güýz paslynda biziň gowy görýän hem begenýän pursadymyz şol durnalary synlamakdy. Eger şahyrlar güýzden başga-da bir gözelligi görüp bilýän bolsalar, bu olaryň aşa ýokary ukybyndan habar berýär.

Nähilem bolsa, biziň medeniýetimizde güýzüň ajaýyp şekili bar.

Şahyrlar K. Gurbannepesow hem G. Ezizow güýz pasly barada gowy eserler döretdiler. Bu tema aýratyn-da Gurbannazarda güýçli. Ol güýz pasly bilen baglanyşykly “Güýz peýzažy”, “Güýz gijesi”, “Aýralyk pasly”, “Güýz bilen söhbet” ýaly eserleri, şeýle hem “Güýz” sonetler çemenini döretdi.

Türkmenistanyň halk hudožnigi Durdy Baýramowyň güýzi wasp edýän ajaýyp kartinalary bar.

Bir ýüzi gözellik, bir ýüzi iş-aladadan doly güýz ýetip geldi.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG