Sepleriň elýeterliligi

Brýanskyň häkimi Putiniň "ynamyny ýitirdi"


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin regional häkimi işden boşatdy. Munuň öňüsyrasynda Orsýetiň Ukrainadaky konflikte goşulyşmagyna protest aksiýasy geçirilipdi.

Kremliň 9-njy sentýabrda ýaýradan beýannamasynda Brýansk regionynyň häkimi Nikolaý Deniniň prezidentiň ynamyny ýitirendigi aýdylýar.

Owganystandaky uruşyň sowet weteranlary 5-nji sentýabrda Brýanskda protest aksiýasyny geçirip, Ukrainada hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky konflikte Orsýetiň goşulmagyny ýazgardylar.

Orsýet Ukraina goşun salandygyny ret edýär.

Weteranlar 13-nji sentýabrda hem protest geçirmegi planlaşdyrýarlar.

XS
SM
MD
LG