Sepleriň elýeterliligi

Poroşenko sanksiýa barada kanuna gol çekdi


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Ukrainanyň gündogarynda separatist gozgalaňçylary goldamakda we maliýeleşdirmekde güman edilýän orsýet kompaniýalaryna we raýatlaryna garşy sanksiýalary girizmäge hökümete rugsat berýän kanuna gol çekdi.

Bu kanun Ukrainanyň parlamenti tarapyndan geçen aýda tassyklanypdy.

Kanunda sanksiýalaryň 20 çemesi görnüşi, şol sanda syýahatçylyga gadagançylyk, bank hasaplarynyň doňdurylmagy, söwda ugrundan çäklendirmeler we Ukrainanyň giňişliginden resurslaryň ýa harytlaryň geçirilmegini gadagan etmek ýaly çäreler göz öňünde tutulýar. Kanun sanksiýalar üçin kanun binýadyny döredýär emma sanksiýa girizmeýär.

Ukrainanyň hökümeti çäklendirmelere sezewar edilip bilinjek şirketleriň we şahsyýetleriň sanawyny düzdi. Oňa Orsýetiň 172 raýaty we 65 şirketi girýär.

XS
SM
MD
LG