Sepleriň elýeterliligi

Adamsy oraza tutýar, aýaly serhoş


Serhoş zenany suratlandyrýan surat.

Serhoş zenany suratlandyrýan surat.

Azerbaýjanly Togrul mundan ýedi ýyl owal hiç ýerde işlänokdy. Wagtyny iýgi-içgi bilen geçirip, ene-atasynyň hasabyna ýaşar ýörerdi. Ol öýlerine golaýrakda goňşuçylykda ýaşaýan Nataliýa atly bir rus gyzy bilen gezýär ekeni. Günlerde bir gün Nataliýanyň alty aý göwrelidigi mälim bolýar.

Emma Togrul oňa öýlenmäge razy bolmaýar. Ýöne ol birnäçe ýyl geçensoň, yslam dini bilen gyzyklanmaga başlanda, günä iş edendigine düşünýär. Soň gyzyň musulmanlygy kabul etmegi bilen, oňa öýlenýär.

Beýleki bir Azerbaýjanly ýetginjek, Abbas Zahidi bolsa rumyniýaly, prowaslaw dinine uýýan adaglysy Sorinanyň yslam dinini kabul etmegini islemändir. Iki ýyl bilelikde ýaşaşanlaryndan soň gatnaşyklary ýagşy urugypdyr. Özara pikir alşyklarda dini meselelere degmän, başga ugurlarda özara jedelleşipdirler.

Ýöne bir gezek Abbas buthana jaňynyň sesiniň özüne ýaramaýandygyny aýdan-da, söýgülileriň sözi azaşypdyr. Emma Abbas bu ýagdaýa ünsem berjek bolup durmandyr.

"Dini garaýyşlaryň dawalar bilen baglanyşygy ýokdur. Onda-da iki azerbaýjanly iki musulmanyň arasynda hem tapawutly garaýyşlar döräp bilýär. Eger tapawutly pikirler ýok bolsa, onda ol özara gürrüňde ýalan bardyr ýa-da ol adamlar birek-birege geleňsiz garaýandyrlar" diýip Abbas Zahidi gürrüň berýär.

Azerbaýjanly afrikaly bilenem maşgala gurup biler

Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň "Internýus Azerbaýjan" guramasy bilen bilelikde taýýarlaýan "Yslam we demokratiýa" goýberilişinde bu hepde yslamyň tapawutly dinleriň arasyndaky nikalara çemeleşişi hakda söz açyldy.

Programma gatnaşyjylardan biri, "Ruhy arassaçylyga çakylyk" atly jemgyýetçilik birleşiginiň başlygy Elşan Mustafaogly bolsa, tapawutly dünýägaraýşa, mentaliletlere eýe, dürli milletlerden bolan adamlaryň maşgala gurmagy arzuw edilýän ýagdaý däl.

"Eger öýlenen adamlaryň dünýägaraýyşlary, mentalitetleri, ýaşaýyş kadalary tapawutlanýan bolsa, onda olaryň ýaşaşmagy diňe bir dini taýdan däl, eýsem psihologiýa taýdan hem kynçylyk döredýän meseledir. Eger iki adam şol bir medeni we ruhy gymmatlyklara eýe bolsa, ynanjam bir bolsa, onda millet tapawutlylygynyň ähmiýeti ýokdur. Şeýle nukdaý-nazardan bir azerbaýjanly afrikaly bilen hem maşgala gurup biler." diýip Mustafaogly öz pikirini beýan etdi.

Musulman zenan dini başga bilen maşgala gurup bilmez

E. Mustafaoglynyň aýtmagyna görä, diňe bir yslamda däl, eýsem beýleki dinlerde hem başga dine uýýanlar bilen nika oňaýly garalmaýar. Meselem, haçparazlyk (hiristian) dininde maşgala agzalarynyň şol bir dine we hatda şol bir mezhebe eýe bolmagy talap edilýär. Ýagny, katolikleriň prawoslawlar bilen öýlenmegi gadagandyr.

"Yslamda bolsa erkek adamlara hak dine ynanýanlar bilen maşgala gurmaga rugsat berilýär. Ýagny, hiristianlar we ýewreýler bilen maşgala gurmaga rugsat berilýär. Emma zenanlar üçin şeýle rugsat ýok. Çünki harby ýagdaýlarda maşgalada erkek adamyň sözi ýöremeli bolýar. Ygtykat meselesinde erkek adam öz aýalyna täsir etmek güýjüne eýedir. Şonuň üçinem yslam erkek adamlaryň hak dine uýýan zenanlar bilen nikalaşmagyna mümkinçilik döredýär. Çünki yslamdan daşlaşmaz ýaly aýalyň täsiri erkek adamy asgynlatmaly däl."

Adamsy oraza tutýar, aýaly bolsa serhoşlyk edýär

Maşgalada pikir plýuralizmine adaty ýagdaý hökmünde garaýan E. Mustafaoglynyň aýtmagyna görä, dini garaýyşlaryň parhlylygy problema döredip biler.

Meselem, musulman erkek adam hiristian zenan bilen öýlenen mahaly olaryň ýaşaýyş kadalarynda örän möhüm meseleler döräp biler: "Musulman erkek adam oraza aýynda agyz bekläp, oraza tutar. Alkagolly içgileri içmez, doňzuň etini iýmez we ş.m. Emme welin, bir görseň onuň aýaly serhoş bolup, yranyp, ýöräp bilmän, diwara söýenip, zordan gymyldap barýandyr... Bu maşgala diýilýän mukaddes ojaga gelişmeýän ýagdaýdyr. Soň maşgalada düşünişmezlikler ýüze çykmaz ýaly, şeýle ýagdaýlar öňünden göz öňünde tutulmalydyr."

Tapawutly dindäkileriň nikasyndan çaga hem zyýan çekýär

Elşan Mustafaoglynyň nygtamagyna görä, tapawutly dinlere uýulýan maşgalada çaga edep-terbiýe bermekde hem problema döreýär. Ene-atasyndan biri çagany anna güni juma namazyna äkitmek islese, beýlekisi hem ýekşenbe güni buthana äkitmek isleýär.

"Maşgalanyň ruhy bütewüligi bozulýar. Şeýle tapawutlylyklar, dini ugurdaky jedelleşikler çaganyň psihologiýasyna diýseň ýaramaz täsir edýär. Öz ene-atasyny söýýän bir çaga nädip olaryň birini iňkär edip biler? Şonuň üçinem maşgala gurlan mahaly biriniň beýlekisine dinini üýtgetmegi üçin gysyş etmeli däldigi çürt-kesik bolmalydyr."

Yslam alymynyň bellemegine görä, zenanlaryň nikalaşmagy babatdaky gadaganlyk beýleki dinlerde hem bar. Elşan Mustafaoglynyň garaýşyndan ugur alnanda, Azerbaýjanda erkek adamlaryň sanynyň az bolmagy, şeýle-de ýigitleriň başga ýurtlara gazanç etmäge gidýändigi sebäpli azerbaýjanly gyzlaryň töwerekdäki musulman döwletlerden mynasyp adamlar bilen durmuş gurmagyna adaty ýagdaý hökmünde garamak bolar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG