Sepleriň elýeterliligi

BSG: Her 40 sekuntda biri öz janyna kast edýär


Adamyň öz janyna kast etmegi bilen bagly bolan waka, Baku, 21-nji awgust, 2014.

Adamyň öz janyna kast etmegi bilen bagly bolan waka, Baku, 21-nji awgust, 2014.

10-njy sentýabr öz janyna kast etmegiň öňüni almak boýunça halkara günüdir.

Öz janyna kast etmegiň öňüni almak boýunça halkara assosiasiýasynyň maksady şeýle wakalaryň öňüni alyp bolýandygy barada dünýä derejesinde maglumat ýaýratmakdan ybarat.

Bütindünýä saglyk guramasynyň bu problema boýunça ýaýradan ilkinji hasabatyna görä, her ýylda dünýäde 800 000 gowrak adam ölýär, her 40 sekundda bir adam öz janyna kast edýär. Hasabatda öz janyna kast etmegiň global derejedäki problemadygy aýdylýar.

Hasabata görä, öz janyna iň köp kast edýänleriň ýeri Greenlandiýa, iň az san Bahama ýarymadalaryna degişli. Türkmenistanda sanawyň ortalarynda ýerleşýär we bu ýerde her 100 000 adam hasabyndan aýallara degişli 3.5, erkeklere 13.8 diýen san görkezilýär.

Şeýle-de global derejede öz janyna kast edýänleriň 70 we ondan ýokary ýaşdaky adamlardygy, emma käbir ýurtlarda 15-29 ýaş aralygyndaky ýaşlardygy aýdylýar.

Dünýä saglyk guramasy adamlaryň öz janyna kast etmegini azaltmak üçin, hususan-da, milli hökümetleriň, öňüni alyş plany düzmeginiň zerurdygyny, emma häzirki wagtda şeýle strategiýanyň dünýäniň diňe 28 ýurdunda bardygyny belleýär.

XS
SM
MD
LG