Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Yraga sapar edýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerri Yraga bardy we “Yslam döwletiniň” söweşijilerine garşy göreşe ýardam bermek maksatly Ýakyn Gündogar syýahatyna başlady.

Kerriniň Yraga saparynyň dowamynda premýer-ministr Haýdar al-Abadi bilen duşuşjagy aýdyldy.

Kerriniň Ýakyn Gündogara sapary Yragyň we Siriýanyň uly böleklerini basyp alan “Yslam döwletiniň” söweşijilerine garşy koalisiýany döretmek boýunça diplomatik tagallalaryny ýola goýmak maksadyny göz öňünde tutýar.

Kerri Iordaniýa we Saud Arabystanyna hem sapar edip, Yragyň, Iordaniýanyň, Müsüriň, Türkiýäniň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň alty agzasynyň resmileriniň gatnaşmagynda iki günlük maslahatlaryna gatnaşmagy planlaşdyrýar.

XS
SM
MD
LG