Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko: Ukraina bütewi galýar


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Ukrainanyň gündogarynda giňişlikleriň “ýörite statusyny” kepillendirmek boýunça kanunyň taslamasyny indiki hepdede hödürlejekdigini aýtdy, şol bir wagtda-da Ukrainanyň bütewi galýandygyny belledi.

Poroşenko 10-njy sentýabrda telewideniýede görkezilen hökümet maslahatynda eden çykyşynda geçen hepdede orsýetçi separatistler bilen gol çekilen ylalaşyk Ukrainanyň garaşsyzlyk konsepsiýasyny we häzirki serhetleriniň çägindäki bütewiligini gorap saklaýar, diýdi.

Ol hökümet güýçleriniň we ýurduň gündogarynda Donetsk we Luhansk şäherlerini öz elinde saklaýan orsýetçi separatistleriň arasynda ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyga kynlyk bilen gelinendigini belläp, “terrorçylar mydama prowokasiýa etmäge synanyşdylar” diýdi.

Poroşenko hökümet güýçleriniň Ukrainanyň gündogarynda täze hüjümler üçin däl-de goranmak üçin gaýtadan toparlara bölünýändigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG