Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň zarbasyndan owgan raýatlary öldi


Owganystanyň resmileri ýurduň gündogarynda ABŞ-nyň howa hüjümleri zerarly azyndan dört parahat ýaşaýjynyň wepat bolandygyny habar berdiler.

Kunar welaýatynyň polisiýanyň başlygy Abdul Habib Sayedheli 10-njy sentýabrda irden Narang etrabynda “Talybanyň” hüjümine duçar bolan owgan howpsuzlyk güýçleriniň NATO güýçlerinden kömek sorandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, NATO-nyň uçarlary söweşijilere howada hüjüm edipdir we ýedi sany söweşiji bilen bilelikde dört parahat ýaşaýjyny hem öldürip, 10 adamy ýaralapdyr.

NATO bu operasiýanyň dowamynda raýatlaryň heläk bolmagyna degişli maglumatyň hasaba alynmandygyny aýtdy.

Prezident Hamid Karzaýyň metbugat-wekili Aimal Faizi Karzaýyň bu hüjümleri berk ýazgarandygyny Twitter arkaly habar berdi.

XS
SM
MD
LG