Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: 700000 adam öýüni terk etdi


Pakistanyň Punjab welaýatynda ençeme günläp güýçli ýagyşyň ýagmagy zerarly derýanyň suwy joşup, 700 000 müň adamy öz öýlerini terk etmäge mejbur etdi.

Pakistanyň Betbagtçylyklar boýunça milli müdirliginiň metbugat-wekili Ahmad Kamal Lahordan 210 kilometr uzaklykda ýerleşýän Jhang etrabynda Çenab derýasynyň suwunyň joşandygyny aýtdy.

Soňky günlerde Pakistanda we Hindistan tarapyndan dolandyrylýan Kaşmir regionynda suw joşguny zerarly wepat bolanlaryň sany 440 adamdan geçdi. Bu ýerde soňky 50 ýylyň dowamynda iň güýçli ýagyşlar boldy.

XS
SM
MD
LG