Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanda raýat jemgyýeti dargadylýar


Ýaş aktiwistlere tussaglyk hökümi çykaryldy, olaryň goldawçylary polisiýa bilen çaknyşdylar. Baku, 6-njy maý, 2014.

Ýaş aktiwistlere tussaglyk hökümi çykaryldy, olaryň goldawçylary polisiýa bilen çaknyşdylar. Baku, 6-njy maý, 2014.

Azerbaýjanyň hökümeti raýat jemgyýeti guramalarynyň we hususy eýeçilikdäki medianyň garşysyna erjellik bilen çäre görýär.

Baku bu kampaniýany Günorta Kawkaz ýurduny «daşarky güýçleriň» ýykgynçylygyndan goramak maksady bilen düşündirýär. Alada galan žurnalistleriň biri bu ýagdaý barada söz açyp, «tankydy metbugatly bolmak, görnüşinden, Azerbaýjanyň milli bähbitlerine gabat gelmeýän bolarly» diýdi.

Bu günler Azerbaýjandan gowy habarlar gowuşýar. Emma olaryň köpüsi Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň twitter hasabyna degişli.

"Azerbaýjanda azat jemgyýet emele geldi. Ähli demokratiki institutlar bar we olar üstünlikli işleýär" diýip, ol 1-nji sentýabrda ýazdy.

Biraz soňra bolsa şeýle sözler peýda boldy: "Ähli azatlyklar, şol sanda söz azatlygy, wyjdan azatlygy, metbugat azatlygy we azat Internet elýeterli."

Ýene-de: "Azerbaýjan jemgyýeti azat we bu biziň gaznan uly üstünligimizdir."

Emma Azerbaýjan hakyndaky habarlary biraz çuňrak derňeseň, bu ýerdäki kartina has solgun. Ýewropa Durnuklylyk inisiatiwasy, Berlinde ýerleşýän ylmy-barlag merkezi golaýda, Baku maý aýynda Ýewropa Geňeşiniň Ministrler komitetiniň başlyklygyny alaly bäri, Azerbaýjanda raýat jemgyýetiniň iň çynlakaý we gazaply basylyp ýatyrylyşyny jikme-jik beýan edýän bäş sahypalyk hasabat çap etdi. [LINK: http://www.esiweb.org/pdf/A short chronology of the Council of Europe chairmanship.pdf]

Žurnalist we aktiwist Parwiz Haşimliniň 15-nji maýda sekiz ýyl tussaglyga höküm edilmeginden başlap, žurnalist Ilgar Nasibowyň 21-nji awgustda näbelli hüjümçiler tarapyndan gazaply urlup-enjilmegine çenli, bu ýurtda blogçylaryň, žurnalistleriň, tanymal aktiwistleriň tussag edilmegi, saklanmagy, öýleriniň dökülmegi, sudda diňlenmegi lapykeç ediji bir derejä ýetdi.

"Turançylaryň" howatyry

Mehmet Alyýew «Turan» habar gullugunyň başlygy. Ol Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna basyp ýatyrmalaryň juda ýowuzdygyny, sebäbi Azerbaýjan jemgyýetiniň bireýýämden bäri berk basyş astyndadygyny aýtdy.

"Bu ýerde ozallar has kän metbugat guramasy bardy we olaryň biri, ikisi urlanda, bu beýle bir dramatiki bolup görünmezdi" diýip, Alyýew aýdýar. "Emma indi olar maglumat giňişligini örän elhenç daraltdylar we tankydy metbugat diňe bir, iki neşire çenli çäklendirildi. Hökümet bu işde açyk hereket edýär. Görnüşinden, tankydy metbugatyň bolmagy Azerbaýjanyň milli bähbitlerine gabat gelmeýän bolarly."

Alyýew 8-nji sentýabrda Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna özüniň hem «Turany», ýurduň iň soňa galan garaşsyz habar gullugyny ýapmaga mejbur edilmeginiň mümkindigini aýtdy.

Oppozisiýadaky "Azadliq" gazetiniň baş redaktorynyň birinji orunbasary Rahim Hajyýew hem şeýle zatlary gürrüň berýär.

"Häkimiýetler metbugat resmi propagandanyň ýol görkezmeginde işlemeli diýip hasap edýärler" diýip, ol Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna aýtdy."Hökümetiň syýasatlary tankytlanyp bilinmeli däl."

Urlan žurnalist İlgar Nasibow - 22-nji awgust, 2014

Urlan žurnalist İlgar Nasibow - 22-nji awgust, 2014

Azerbaýjandaky syýasy tussaglaryň aktiwist Leýla Ýunusyň ýolbaşçylygy astynda iýun aýynda çap edilen iň golaýdaky sanawynda 98 adamyň ady bar, Leýla Ýununsyň özi hem iýul aýynda tussag edildi.

Basyp ýatyryşlygyň arkasynda duran iteriji güýç Ramiz Mehdiýew, prezident Alyýewiň diwanynyň başlygy. Ol 29-njy awgustda hökümet resmileri we hökümetçi medianyň ýolbaşçylary bilen ýapyk gapylaryň arkasynda maslahat geçirip, garaşsyz media hem Günbatar metbugatyna hüjüm etdi. Ol hususan-da olaryň Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky Dagly-Garabag konfliktini beýan edişlerini tankytlady.

Mehdiýew Azerbaýjandaky döwletden aýry medianyň, şol sanda Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň, «Amerikanyň sesiniň» we BBC-niň «esasy maksadynyň» Azerbaýjan döwletini «biabraý etmekden, onuň üstünliklerini garalamakdan we esassyz, galplaşdyrylan meseleler bilen jemgyýetçilik aňyny bulaşdyrmakdan» ybaratdygyny aýtdy.

"Daşarky güýçleriň" "maksady"

Ol "daşarky güýçleriň" hökümetden aýry guramalary we garaşsyz mediany ulanyp, «syýasy tussaglaryň» «toslama sanawy», adam hukuklarynyň bozulmalary diýilýänler, raýat jemgyýeti guramalaryna we media, žurnalistlere basyş görkezilmegi, Azerbaýjandaky korrupsiýa problemasy baradaky çişirmeleri ýaýratmak üçin "Azerbaýjandaky çydamly we demokratki şertlerden hyýanatçylykly peýdalanýandygyny" öňe sürdi.

Azerbaýjanyň howpsuzlyk güýçleri 5-nji sentýabrda IREX-iň – Birleşen Ştatlar tarapyndan maliýeleşdirilýän we dünýä ýüzünde demokratiki reformalary wagyz edýän hökümetden aýry guramanyň Bakuwdaky ofisine reýd geçirdiler. Bu guramanyň, şol sanda «Transparency International», «Oxfam», «National Democratic Institute» ýaly beýleki halkara jemgyýetçilik guramalarynyň bank hasaplary doňduryldy.

Şol bir wagtda, 6-njy sentýabrda "The New York Times" gazeti Bakuwyň öz öz nebit girdejilerini Waşingtonda täsir gazanmak we Birleşen Ştatlarda «Azerbaýjanyň möhüm bir howpsuzlyk hyzmatdaşydygy» barada jemgyýetçilik pikirini güýçlendirmek üçin ulanyşy barada derňew makalasyny çap etdi.

Bu basyp ýatyryşlyk Baku üçin bir ynjyk wagta gabat geldi, sebäbi ol barha kejirlige tutýan Orsýet bilen Günbataryň arasynda bir ortalygy tapmak baradaky syýasata eýerýär.

Hakykatda nämeden gorkulýar?

"Hökümet ýer ýüzünde soňky bolýan zatlardan, hususan-da post-sowet giňişligindäki wakalardan köp howatyr edýär» diýip, bakuwly syýasy analist Azer Gasimli aýdýar. "Şu günki gün Azerbaýjanyň ykbaly, belli bir derejede, Ukrainanyň söweş meýdanlarynda çözülýär. Günbatar Ukrainadaky wakalar bilen başagaý we şol konflikt çözülýänçä Birleşen Ştatlar we Günbatar Azerbaýjana berk daramak islemez."

Birleşen Ştatlaryň Azerbaýjandaky ozalky ilçisi Riçard Kauzlariç (Richard Kauzlarich) Bakuwyň Günbatar Ukrainadaky we Ýakyn Gündogardaky wakalar bilen aşa gümra we bu pursaty ýurt içindäki daşary ýurt HAG-laryna basyş görkezmek hem olary ýok etmek üçin ulanyp bolar diýen pikire ynanýandygy bilen ylalaşýar.

Ol Azatlyk we Azat Ýewropa ridiosynyň soragyna ýazmaça beren jogabynda Bukuwyň Orsýetiň basyşyna ýan berip, özüni Günbatardan çekeräk saklamagynyň hem mümkindigini aýdýar. Ikinji bir ähtimallyk bolsa, onuň pikiriçe, Baku Waşingtonyň Dagly-Garabag konfliktiniň çözgüdi barada gepleşilmegine basyş etmegine, ýagny Azerbaýjanyň çözgüdini Ermenistanyň boýnuna atmazlygyna reaksiýa bildirýär.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň agşamky söhbetdeşligini alyp barýan derňewçi žurnalist Hatyja Ysmaýylowanyň ynanjyna görä, bu basyp ýatyrmalar esasan prezident Alyýewiň Orsýete ýa-da Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa Bileleşigine ýakynlaşmagyna protest bildirip biljek şahsyýetleri nyşana alýar.

Indi bu basyp ýatyryş has-da güýçlenýän ýaly. 2-nji sentýabrda döwlet mediasy parlament deputaty Ýagub Mahmudow bilen söhbetdeşligi çap etdi, ol Ylymlar Akademiýasyndaky Taryh institutynyň hem direktory. Mahmudow «dönükler» üçin ölüm jezasynyň dikeldilmegine çagyrdy.

Şu aralykda, ÝB-niň 9-njy sentýabrda Bakuwda bolan giňeliş komissary Stefan Fuele raýat jemgyýetleri guramalaryna 3 million ýewro kömek bermegi wada berdi. Emma muňa garamazdan, aktiwistler Azerbaýjanda ol kömegi kabul edip biljek azat adamyň tapylmazlygyndan howatyr edýärler.

XS
SM
MD
LG