Sepleriň elýeterliligi

"ABŞ-a haýbat atsaň, buky tapmarsyň"


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama özüniň Siriýadaky we Yrakdaky «Yslam döwletine» garşy hüjüme taýýardygyny, ýagny jeňçi topary ysgyndan saljak we ahyrynda ýok etjek gerimli kampaniýa başlamak üçin goşmaça ýüzlerçe amerikan harbysyny iberjegini aýtdy.

“Men biziň öz ýurdumyza wehim salýan terrorçylary, olar nirede bolsalar-da, ýok etjegimizi açyk aýtdym” diýip, Obama 10-njy sentýabrda Ak tamda sözlän sözünde aýtdy we bu söz telewideniýe arkaly bütin ýurda ýetirildi.

Obama Yraga goşmaça 475 amerikan harbysynyň iberiljegini aýtdy. Olar «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerine garşy söweşýän yrak we kürt güýçlerine goldaw bererler, emma özleri söweşe girmezler.

"Bu meniň prezidentligimiň düýp prinsipi: eger-de sen Amerika haýbat atsaň, bukulmaga ýer tapmarsyň" diýip, Obama aýtdy.

Obama 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda guralan terror hüjümleriniň ýyl dönüminiň öňüsyrasynda sözlän sözünde «Yslam döwleti» toparyna garşy söweşi ýaýbaňlandyrmagyň strategiýasyny beýan edip, Amerikanyň «bu terror howpuny yza tesdirmek üçin giň koalisiýa ýolbaşçylyk etjegini» wada berdi.

“Biziň maksadymyz aýdyň: Biz Yrakdaky we Siriýadaky “Yslam döwleti» toparyny, terrorçylyga garşy köpgyraňly we dowamly strategiýa arkaly güýçden gaçyrarys we ahyr netijede ýok ederis” diýip, ol aýtdy.

«Bu terrorçylara garşy urulýan sistematiki howa zarbalaryna» goşmaçalary yglan etmek bilen, Obama onuň Siriýadaky nyşanalary hem öz içine alyp biljegini aýtdy. Şeýle-de ol Birleşen Ştatlaryň Kongresini «Yslam döwletiniň» jeňçilerine garşy darkaş gurýan siriýaly söweşijilere tälim bermek, olary zerur gurallar bilen üpjün etmek üçin goşmaça serişdeleri tassyklamaga çagyrdy.

Birleşen Ştatlaryň adminstrasiýasynyň uly derejeli resmisi bu söz sözlenmezinden öň geçirilen telefon söhbetdeşliginde tälim sapaklarynyň Saud Arabystanynda geçiriljegini, ýagny bu ýurduň şeýle programmany kabul edendigini aýtdy. Ol resminiň aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlaryň harby gullukçylary Siriýanyň içinde tälim okuwlaryny geçirmez.

Amerikan ädikleri, emma söweş goşuny däl

Obama Birleşen Ştatlaryň Yrakda ýerleşdiriljek harby gullukçylarynyň «söweş missiýasynyň» bolmajagyny, şeýlelikde, Birleşen Ştatlaryň «Yrak topraklarynda ýene bir urşa çekilmejegini» aýtdy.

“Men amerikan halkynyň bu tagallanyň Yrakdaky we Owganystandaky uruşlardan nähili başgaça boljagyna düşünmegini isleýärin. Bu tagalla amerikan söweş goşunlaryny daşary ýurt topraklaryndaky söweşiň içine goşmaz" diýip, ol aýtdy.

Adminstrasiýanyň başga bir uly resmisi Obamanyň sözünden öň täze iberilýän esgerleriň Yragyň «Yslam döwletine» garşy hüjüm etjek howpsuzlyk güýçlerini goldamagy maksat edinýändigini aýtdy.

Obama bu strategiýany Birleşen Ştatlaryň soňky ýyllarda Ýemende we Somalide terrora garşy alyp baran tagallasy bilen deňedi.

‘Gazaplylykda taýsyz’

Obama bu jeňçi toparyň adynyň ýalňyşdygyny, sebäbi onuň «yslamçy» däldigini, «hiç bir diniň bigünä adamlaryň öldürilmegini aklamaýandygyny» aýtdy. Şeýle-de ol bu guramanyň döwlet däldigini, sebäbi «hiç bir hökümet tarapyndan, hatda öz tabynlygyndaky halk tarapyndan hem ykrar edilmändigini» aýtdy.

«Yrakdaky we Siriýadaky «Yslam döwleti» topary terrorçy gurama, bu açyk we ýönekeý. Onsoňam onuň öz garşysynda duranlary gyrmakdan başga hiç bir pikir-garaýşy ýok” diýip, ol aýtdy.

Ol bu toparyň söweşijilerini «gazaplylykda taýsyz» diýip atlandyrdy we hususan-da amerikan žurnalistleri Jeýms Foliý bilen Stiwen Sotlofyň jezalandyrylyp öldürilmegini mysal getirdi.

Obama «Yslam döwleti» toparynyň ýeňilmeginde yrak halkynyň we regional oýunçylaryň rolunyň aýgytly boljagyny aýtdy. Ol Birleşen Ştatlaryň bu söweşdäki roluny ýokarlandyrmagyny soňky günler Bagdatda gurlan we hemme tarapy öz içine alýan hökümet bilen hem baglanyşdyrdy.

"Amerikan kuwwaty aýgytly özgerişlik döredip biler, emma biz yraklylaryň özleriniň etmeli zatlaryny edip bilmeris, ýa-da arap hyzmatdaşlarymyzyň sebiti howpsuzlaşdyrmakdaky ornuny eýeläp bilmeris” diýip, Obama aýtdy.

XS
SM
MD
LG