Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uzak gündogarda harby türgenleşik geçer


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň Uzak Gündogar regionyndaky harby güýçleriniň söweşe taýýarlyk derejesini barlamak üçin harby türgenleşikleri geçirmegi tabşyrdy.

Goranmak ministri Sergeý Şoýgu ýaragly güýçleriň ýolbaşçylarynyň maslahatynda Orsýetiň gündogar harby okrugynyň 11-nji sentýabrda ýokary söweş derejesine getiriljekdigini aýtdy.

Gündogar harby okrugy Hytaý we Mongoliýa biler serhetdeş regionlara, şeýle-de deňizde Ýaponiýa bilen serhetdeş giňişliklere gözegçilik edýär.

Türgenleşikler Täjigistanda geçýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň ilkinji gününe gabat geldi. Howpsuzlyk maksatlaryny öz önünde goýýan bu gurama Orsýet, Hytaý, Täjigistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan girýär. Analitikler Ukrainadaky krizisiň dowam edýän wagtynda Putiniň harby türgenleşikleri geçirmek barada edýän görkezmelerini geosyýasy maksatlar bilen baglanyşdyrýarlar.

XS
SM
MD
LG