Sepleriň elýeterliligi

Kerri arap resmileri bilen duşuşýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerri Ýakyn Gündogara edýän saparynyň çäginde Saud Arabystanynda arap döwletleriniň we Türkiýäniň resmileri bilen duşuşar. Kerriniň regiona edýän sapary “Yslam döwleti” atly söweşiji topara garşy söweşler üçin syýasy we maliýe ýardamyny bermek maksadyny öz öňünde goýýar.

11-nji sentýabrda Jeddah şäherinde geçirilýän bu duşuşykdan bir gün öň ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Yrakda we Siriýada uly giňişliklere gözegçilik edýän söweşijilere garşy “gaýduwsyz” kampaniýanyň alnyp baryljagyny wada berdi.

Amerikan resmilerine salgylanyp habar berilişine görä, Kerri howa hüjümlerini amala aşyrmak we “Yslam döwletiniň” söweşijilerine maliýe taýdan ýardam berilmeginiň öňüni almak boýunça meseleleri maslahat eder.

XS
SM
MD
LG