Sepleriň elýeterliligi

Duşenbe: ŞHG sammiti başlandy


11-nji sentýabrda Duşenbede Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň iki günlük sammiti başlandy. Gazagystany, Gyrgyzystany, Orsýeti, Täjigsitany, Özbegistany we Hytaýy öz içine alýan guramanyň ýokary derejeli bu maslahaty Kremliň Ukrainadaky krizisiň daşynda Günbatar bilen gatnaşyklarynyň ýaramazlaşyp, öz ünsüni Aziýa gönükdiren wagtyna gabat gelýär.

Eýranyň we Mongoliýanyň liderleriniň Duşenbedäki sammitiň dowamynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleri bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar. Eýran we Mongoliýa, Pakistan, Hindistan we Owganystan bilen bilelikde gurama synçy statusynda gatnaşýarlar.

Şu ýylky sammitiň gün tertibiniň Owganystandan halkara goşunlarynyň çykarylmagy bilen baglylykda regional howpsuzlygy meselesini öz içine almagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG