Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: Altyn ogurlygynda güman edilýän tutuldy


Gyrgyzystanyň polisiýasy bäş kilogramdan gowrak altynyň ogurlanmagy bilen bagly ýaragly hüjüme gatnaşygy bolmakda güman edilýän altyn käniniň işçisini tussag etdi.

Gyrgyzystanyň Jalal-Abad regionynda 7-nji sentýabrda “Fronta” altyn öndüriji kompaniýa hüjüm eden ýüzi nikaply adamlar howpsuzlyk işgärini oka tutup, ony agyr ýaralapdy we beýleki iki sakçyny urup-ýenjipdi.

Derňewçi Temirlan Mawlýanowyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, altyn käninde işleýän 33 ýaşly işgär 10-njy sentýabrda tussag edilipdir. Onuň günäni boýun alyp, jenaýata gatnaşyjy hökmünde ýene iki adamy görkezendigini we olaryň häzir polisiýa tarapyndan gözlenýändigini Mawlýanow aýtdy.

XS
SM
MD
LG